Ï Ahal welaýatynda gurlan kärhanada ýurdyň çig malyndan ýylylyk geçirmeýän önümleriň önümçiligi üçin bazalt süýümi işlenilip taýýarlanylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahal welaýatynda gurlan kärhanada ýurdyň çig malyndan ýylylyk geçirmeýän önümleriň önümçiligi üçin bazalt süýümi işlenilip taýýarlanylar

view-icon 1188
“Senagatçylar” konsorsiumyna gatnaşyjylar Ýaşlykdaky kagyz kombinatynyň çäklerinde Balkan welaýatynyň Ufra ýatagyndan ýüze çykarylan dag jynslaryndan mineral pamygyny öndürýän enjamlarynyň üçüsini gurdular. Häzir bu täze önümçilikde göýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar. Golaý wagtda bu ýerde daş çig malyndan ýylda uniwersal-mehaniki we himiki aýratynlyklary bolan 500 müň inedördül metrden gowrak ýylylyk geçirmeýän önüm öndüriler. Bu seýrek duş gelýän önümçiligiň nähili döredilendigi we onuň geljekde nähili ösdüriljekdigi barada bazalt kärhanasynyň baş ýolbaşçysy, geologiýa-mineral ylymlarynyň doktory, professor Arkadiý Afanasýew şeýle gürrüň berýär:

- “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň we “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň hünärmenleri “Stekloplastik” YÖB ylmy-önümçilik bazasynyň barlaghanasyna (Moskwa oblasty) Hazaryň kenaryndan, Tüwertakyr dagynyň sebitlerinden, şeýle hem Badhyzdan we Serhetabatdan alynan gabbrobazalt jynslarynyň nusgalaryny getirdiler. Bu YÖB ylmy-önümçilik bazasynda geçirilen synaglarda, gaz pejinde 1300-1400 derejedäki temperaturada eredilen bazalt çig maly süzgüç enjamynyň we aýlanyp duran barabanyň kömegi bilen gözümiziň alynda üznüksiz bazalt süýmini (ÜBS), ýylylyk geçirmeýän gurluşyk önümlerini (matlary we plitalary) we kompozit önümleriniň köp görnüşlerini taýýarlamak üçin ulanylýan örän inçe, ýöne berk sapaga öwrüldi.


Şeýle hem Ufra ýatagyndan alynan bazalt porfiritleri - türkmen çig malynyň ýokary hilliligi russiýanyň belli kärhanalary bolan “Teploproýekt” AGPJ we “Stekloplastik” YÖB hünärmenleri tarapyndan 2014-nji ýylyň aprel aýynda işlenilip taýýarlanan tehnologiki liniýalarynda we “Bazalt-Inwestiň” (Perm şäheri) tejribeli inženerler we alymlar toparynyň gatnaşmaklarynda tassyklanyldy.

Synaglaryň barşynda türkmen ýatagynyň bazalt çig malynyň kesgitli görnüşinden süými eretmek we süýndirmek işine toplumlaýyn çemeleşmek, tehnologiki işiň ölçegleri, filýeriň girýän böleginiň görnüşi we ýaramly önümleriň konfigurasiýasy işlenilip taýýarlanyldy.

Türkmen telekeçilerini birleşdiren “Senagatçylar” konsorsiumyna gatnaşyjylaryň tabşyrygy boýunça permiň “Bazalt-Inwestiniň” tejribeli alymlary we inženerleri has ygtybarly we tygşytly kompozit önümleriniň alynmagyny üpjün edýän ýokary tehniki-ykdysady netijeli bazaltplastikleri esaslandyrdylar. Olar tarapyndan ýokary önümçilik işi bilen utgaşýan bazalt süýminiň ösýän häsiýetlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýän tehnologiki ölçeglerini saýlamagyň ajaýyp usuly işlenilip taýýarlanyldy.


Hut şu işlenilip taýýarlamalar hem Ýaşlyk şäherçesinde mineral pamygyny öndürýän täze önümçiligiň esasyny düzdi. Permli hünärmenleriň çyzgylary esasynda Krasnokamyň tejribe-mehanika zawodynda türkmen çig malyndan bazalt süýmini öndürýän enjamlar taýýarlanyldy. Telekeçiler kagyz kombinatynyň çäklerinde täze kärhana üçin önümçilik binasyny gurdylar. Ony Germaniýadan, Eýrandan, Hytaýdan, Türkiýeden satyn alynan wentilýasiýa enjamlary, ýokary we pes basyşly sorujylar we beýleki kömekçi enjamlar bilen enjamlaşdyrdylar. Häzirki wagtda ýerli çig maly gaýtadan işlemek boýunça täze tehnologiýalar esasynda synag bazalt zawodyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Ilki bilen bar bolan enjamlarda ufra porfiritlerden mineral pamygy öndüriler, soňra biz başga mineral çig malynyň – gazylyp alynýan peýdaly çig malynyň erginini goşmak bilen, ýurtda bar bolan çig mallardan täze ajaýyp aýratynlygy bolan önümleri almak üçin synaglary geçireris.


Bazalt çig malyndan kompozit önümlerini almak üçin ýene-de bir önümçilik gurluşygyň indiki tapgyry bolar. Penjire ramalaryny, armaturalary, bazaltdan örän berk turbalary öndürmegiň resminamalary taýýarlanyldy. Şu ýylyň ahyrynda, örän berk sapagyň önümçiligi ýola goýlandan soňra, bentonitleri, bazalt süýmini we ýelimi ulanmak bilen sendwiç-panelleriň önümçiligini özleşdirmek wezipesi öňde dur. Bu panelleriň ýeňiljek, çyglylyga garşy durnuklylygy, uzak möhletleýin ulanyp bolýandygy ýaly birnäçe artykmaçlyklary bar.

Bazalt süými we ondan öndürilýän önümleri köp önümlerde ulanyp bolýandygyny nygtamalydyrys. Olardan dürli galyňlykdaky tikin matlaryny, galyňlygy 5 mm 30 mm çenli katon görnüşini, ýarym gaty we gaty plitalary we turbageçirijiler üçin “gabyklary” we hatda üznüksiz bazalt süýminden matany hem görkezmek bolar.

Bu örän berk çig maldan hili we ulanmaga durnuklylygy boýunça demirden hem ýokarda durýan armaturany, şwellerleri, balkalary öndürip bolar. Bu süýüm Ruhabat turba zawodynda turba öndürilýän steklotkanyň ýerini doly tutup biler. Ýol gurluşygynda bu süýümden taýýarlanan gözenekler özüniň berkligi boýunça asfalt örtüklerinden birnäçe esse ýokary bolar.

Bu mineral serişdeleri ömürlik diýen ýalydyr. Olar poslamaýar, artmosfera ýa-da okislenme täsirlerine duçar bolmaýar. Bazalt süýümi ekologik taýdan arassa bolup, olar zyýansyz goşundysyzdyr, kislotalyga we aşgarlanmagyna, ýokary temperatura (700-den 1000 gradusa çenli С) durnuklydyr.

Bazalt süýminiň önümçiligi boýunça, ýurtdaky gaza we elektrik energiýasynyň bahalaryny nazara almak bilen, öňünden edilýän çaklamalar bazalt örän inçe süýmleriniň önümçiligi dünýä bahalaryndan epesli arzan bolup biljekdigine şaýatlyk edýär.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenistana import önümleriniň getirilmegini doly ret etmäge we epesli pul serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda ýurda her ýylda ýylylygy geçirmeýän önümleriň 5 müň tonnadan gowragy getirilýär.

Biziň ýurdumyzda ýylylygy geçirmeýän önümler nebitgaz pudagynda, nebit geçirijileri ýylylandyrmaga, turba önümleriniň önümçiliginde, ýollary çekmekde örän zerur bolup durýar. Meselem, bazalt torlaryny ýoly örtmekde ulanylmagy asfalt örtüginiň galyňlygynyň hilini ýitirmezden iki esse azaltmaga mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň ýylylygy geçirmeýän önümlerine bolan zerurlygy ýylda ýüzlerçe müň inedördül metri düzýär. Şunlukda, bazaltdan öndürilýän önümleriň çig mal binýady elýeterlidir we mümkinçiligi örän ulydyr. Ýerli çig malyň ulanylmagy gurluşyk senagatyny , ulag infrastrukturasyny, energetikany we beýleki pudaklaryň zerurlyklaryny ýylylygy geçirmeýän we kompozit önümleri bilen epesli derejede üpjün etmäge mümkinçilik berer.