Ï Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy

view-icon 690
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we tehniki kerosini satyn aldylar. Beýik britaniýaly, şweýsariýaly, owganystanly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanylan benzini, M-100 kysymly mazudy, BAE-niň işewürler toparynyň wekilleri bolsa “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi we pagta linti ýerlenildi. Olary Russiýadan, Hytaýdan, BAE-den, Türkiýeden, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 316 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine beýik britaniýaly, türkiýeli we beýleki ýurtlardan gelen işewürler jemi bahasy 520 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 40 müň manatdan gowrak ýük awtoulagyny, gaty gurluşyk nebit bitumyny (TNGIZT) satyn aldylar.