Bu ýagdaý buraw guýusy 4614-4618 metr çuňluga gazylandan soň ýüze çykdy. Bu gymmatly uglewodorod çig malynyň gije – gündiz debidi 1 million kub metre barabar boldy. Soňky gazhimiki barlaglaryň barşynda bu görkeziji ýokarlandy. Bu bolsa “mawy ýangyjyň” bu ýerde baý gorlarynyň bardygyny tassyklaýar.
Bu ýatagyň geljeginiň uludygyny öz ägirtligi bilen”mawy ýangyjyň” gorlarynyň baýlygy bilen tapawutlanýan Galkynyň gaz känine ýakyn aralykda , ýagny 15 kilometr ýakynynda ýerleşýändiginden hem aýdyp bolar.
Bu gözlegde “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Lebapnebitgazgözleg” müdirliginiň baş hünärmeni Kakajan Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky brigadasy üstünlik gazandy. Häzirki wagtda Jürji meýdançasynda gazodinamiki barlaglar dowam edýär. Geljekde täze ýatagyň çäklerini anyklamaklyk maksady bilen gözleg işleri geçiriler.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Lebapnebitgazgözleg” müdirligi Mary welaýatyndan başga Balkan we Lebap welaýatlarynda hem peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryň gözleg işlerini alyp barýarlar. Bu goýlan meseläniň hötdesinden gelmeklige hünär ussatlygy we döwlet goldawy ýardam edýär. Hyzmat edýän buraw enjamlary, ähli tehnika iň belli dünýä öndürijileri tarapyndan öndürilen innowasion tehnikalar.