“Türkmengaz” Döwlet konserni Summit Trade Events Ltd kompaniýasy (Beýik Britaniýa) bilen bilelikde TGC-2016-nyň guraýjylary bolup çykyş etdiler. Ýokary derejedäki hünärmenleriň duşuşýan ýerlerine öwrülen her ýylda geçirilýän bu forum dürli ýurtlaryň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň ünsüni barha şzüne çekýär.
Kongresiň şu ýylky esasy maksady Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösdürilmegi bilen bagly konseptual meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bolup durýar. TGC-2016-nyň çäklerinde gazy gözlemek we gazyp almak bölegini içine alýan iri göwrümli taslamalar; türkmen energoserişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa arkaly energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri amala aşyrmak; gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemek hem-de suwuklandyrylan gazyň we gaz kondensatynyň önümçiliginiň möçberini artdyrmak; gazy düýpli gaýradan işlemek arkaly önümleri almak ýaly iri göwrümli taslamalar beýan ediler. Hyzmatdaşlygyň beýleki esasy ugurlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň gaz pudagynyň bar bolan maýa goýum mümkinçiliklerine hem garalyp geçiler.
Türkmenistan dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryna girdi we uglewodorod serişdeleriniň örän uly ätiýaçlyk mümkinçiliklerine eýe bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, “Galkynyş” gaz ýatagy iri energetika döwleti diýen derejäni tassyklady. Garaşsyz halkara bilermenleriniň maglumatlary boýunça, “Galkynyş” we Ýaşlar ýataklary tebigy gazyň 26,2 trillion kubmetr ätiýaçlyk goruna eýedir.
Merkezi Aziýada “mawy ýangyjy” iberýän iň iri döwlet bolmagy bilen, Türkmenistan golaý ýyllarda gazyp almagyň möçberlerini artdyrmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Geçen ýylda “Galkynyş” ýatagynyň düzümine girýän – Jürji, Begli, 26-njy Günorta Ýolöten gazly ýataklardan alynan tebigy gazyň goşmaça akymlary “Türkmengeologiýa” korporasiýasynyň geologlarynyň bu ýatakda mawy ýangyjyň örän uly serişdeleriniň bardygy hakyndaky hasaplarynyň dogrydygyny tassyklady.
Häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz we gaz kondensatly ýataklaryň 30-sy töweregi, şol sanda Döwletabat we Şatlyk, iri ýataklar bolan Malaý, Kerpiçli, Gazlydepe, Bagaja, Ýelguýy we beýleki ýerler işlenilip taýýarlanylýar. Guýularyň ulanyş gaznasy takmynan 1000 sanydan ybaratdyr.
Bu günki gün “Türkmengaz” DK içerki döwlet zerurlyklaryny we türkmen tebigy gazyny daşary ýurt sarp edijilerine ibermek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny doly üpjün edýär. “Türkmengeologiýa” we “Türkmengaz” DK hünärmenleri tebigy ýangyjyň serişde binýadyny ösdürýärler. Garabil-Gurrukbil toparlarynda, Bagajada, Zäkli-Derwezede we beýleki ýataklarda gazy gazyp almakda we daşamakda goşmaça kuwwatlyklary döretmek işleri dowam etdirilýär. Gazçylar Gurrukbil-Garabil ýataklaryny synag-senagat taýdan ulanyşa girişdiler. Lebap welaýatynda – Agarguýy we Demirgazyk Gazlydepe, Ahal welaýatynda – Günorta Gutlaýak, Gäzli, Mary welaýatynda – Garakel ýaly täze ýataklar açyldy. Mundan hem başga, Demirgazyk Naýyp, Bagaja, Çertak, Garajaowlak ýataklarynda senagat ätiýaçlygynyň ösüşi gazanyldy.
Tebigy ýangyjy gazyp almagyň möçberini durnukly üpjün etmek üçin türkmen geologlary “Galkynyşda” we onuň ýakyn ýerlerinde gözleg-agtaryş işlerini dowam etdirýärler. Bu ýerde ýylda 30 milliard kubmetr möçbere niýetlenen gazy gazyp alýan, gazy gaýtadan işleýän degişli gurluşly kuwwatlyklar döredilendir.
Türkmenistanyň hökümetiniň ÝET soňky gurluş özgertmeleri innowasion usullary we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmagyň esasynda nebitgaz pudagynda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalary çalt depginler bilen amala aşyrylmagyna şertleri döretdi. Türkmenistan ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň we onuň halkara energetika toplumyna çalt depginler bilen integrirlenmegine gönükdirilen energetika syýasatyny yzygiderli amala aşyrylmagyny dowam etdirýär. Şeýlelikde, ýurduň nebitgaz toplumyny 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasynyň esasynda Türkmenistanda birnäçe iri taslamalar amala aşyrylýar.
Hususan-da, uzynlygy 773 kilometr we ýylda 30 milliard kubmetr tebigy gazy geçirmäge mümkinçiligi bolan Gündogar-Günbatar gaz transport ulgamynyň gurluşygy tamamlandy.
Biziň hünärmenlerimiz tarapyndan gurlan sebitleýin gaz geçirijisi üstünden magistral geçýän sebitlerde hereket edýän senagat kärhanalarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin zerur bolan bütewi gaz ulgamynyň möhüm bölegi boldy. Gaz geçirijisi boýunça eltilen tebigy ýangyç gurulýan benzin öndürýän kärhanalar, oba hojalyk dökünlerini taýýarlaýan zawodlar üçin çig mal bolup hyzmat eder, Ahal welaýatynda gurulan gazturbinaly elektrik beketlerine barar. Gaz geçiriji onlarça senagat kärhanalarynyň gurluşygyny alyp barmaga mümkinçilik berer, esasy pudaklaryň we birinji nobatda elektrik energiýasynyň nobatdakysynyň ösdürilmegini üpjün eder, sebitleriň “mawy ýangyja” bolan zerurlyklaryny üpjün eder we umumylykda olaryň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk hem ösdürilmegini kesgitlär.
Türkmenistanyň esasy strategiki ugurlarynyň biri hem ýangyç-energetika serişdelerini halkara bazarlaryna diwersifikasiýalaşdyrmak bolup durýar. Gazy ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmakda esasy faktor hökmünde “Galkynyş” ýatagyndaky tebigy gazlaryň örän uly ätiýaçlyk gorlary çykyş edýär. Ol başlangyç tapgyrda tebigy ýangyjy halkara taslamasyna gatnaşyjy ýurtlara ibermekde esasy çig mal binýady bolup durýar. Şonuň üçin hem “Galkynyş” gaz ýatagynyň nobatdaky üçünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işleriň möhüm ähmiýeti bardyr. Ýylda kuwwatlylygy 33 milliard kubmetr harytlyk gazy gaýtadan işleýän gurluşy gurmak göz öňünde tutulýar. “Galkynyş” ýatagynyň üçünji tapgyrynyň gurluşygy tamamlanmagy netijesinde ýylda 93 milliard kubmetr tebigy gazy gazylyp alynar. Bu taslamany amala aşyrmak üçin 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň “JGC Corporation”, “Mitsubishi Corporation”, “Itochi Corporation”, “Sojits Corporation” и “Chiyoda Corporation” kompaniýalar konsorsiumy bilen özara düşünişmek boýunça Ylalaşyga gol çekildi.
Geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Türkmenistanda döredilýän TOPH halkara gaztransport ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri hem tebigy gazy dünýä bazarlaryna eksport etmegi diwersifikasiýalaşdyrmak bolup durýar. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy energetika howpsuzlygynyň we durnukly ösüşi ýokarlandyrmagyň möhüm faktory hökmünde çykyş etmek bilen, Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlaryna energiýa göterijileri uzak möhletleýin iberilmegini üpjün eder hem-de sebitiň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň, onuň durmuş abadançylygynyň kepili bolar. Türkmenistanda magistral az geçirijisiniň liniýa bölegini çekmek işlerine başlandy.
Häzirki wagtda Türkmenistan çig nebiti, tebigy gazy, umuman uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça döwlet konsepsiýasyny üstünlikli amala aşyrýar. Onuň ahyrky maksady bolsa, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk arkaly ýurdy senagat taýdan ösen ýurda öwürmek, maýa goýumlaryny çekmek, innowasiýalary ornaşdyrmak, tebigy baýlyklary gaýtadan işlemegiň hasabyna täze önümçilikleri döretmek bolup durýar. Potratçysy “Hyndai Engineering Co., Ltd”, “LG International Corp.” we “Toyo Engineering Corporation” kompaniýalarynyň konsorsiumy bolup durýan Gyýanlyda gurulýan ýylda kuwwatlylygy 5 milliard gaz bolan gazhimiýa iri toplumyň gurluşygy geljekde ýylda 386 müň tonna polietileni we 81 müň tonna polipropileni öndürmegi göz öňümde tutýar. Bu önümleriň önümçiligi häzirki zaman tehnologiýalar esasynda amala aşyrylar. Häzir taslamany amala aşyrmakda işçileriň we inžener-tehniki işgärleriň 8000-si töweregi işleýär, olaryň 800-si Koreýanyň, Ýaponiýanyň Türkiýäniň, Filippinleriň, Malaýziýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolup durýar. Şeýle hem bu ýerde ýokary öndürijilikli, köp ugurly gurluşyk tehnikalarynyň 800-den gowragy işledilýär.
Dünýäde deňi-taýy bolmadyk beýleki desganyň biri hem Owadandepede gurulýan tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürýän zawotdyr. “Kawasaki Heavy Industries LTD” we “Ronesans Endustri Tesisleri Insat Sanayi Ve Ticaret A.S.” kompaniýalarynyň konsorsiumy bu ajaýyp kärhananyň potratçysy bolup durýar. Iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen bu zawod her ýylda 1 milliard 785 million kub metr gazy gaýtadan işlär we ýylda A-92 (Euro-5) görnüşli ýokary hilli benzini öndürer. Kärhanany 2018-nji ýylda ulanmaga bermek bellendi.
Aşgabat şäherinden demirgazykda, senagat zolakda, Owadandepede tebigy gazdan sintetiki suwuk ýangyjy (dizel we nafta) öndürýän kärhananyň gurluşygyna başlandy. Bu täze kärhana ýylda 1500000 tonna (gije-gündizde 37 000 barrel) häzirki zaman halkara standartlaryna laýyk gelýän suwuk sintetiki ýangyjy öndürer. “Türkmengaz” Döwlet konserniniň buýurmasy boýunça Hyundai Engineering Co., Ltd, LG International (Koreýa Respublikasy), Itochu Corporation (Ýapon) kompaniýalary baş potratçy bolup çykyş edýärler we kärhanany doly gurup, ulanyşa berer. Bu ýerde meşhur Fişer-Tropşa (Sasol Limited GAR – tehnologiki işiň lisensiýaçysy) tehnologiýasyny ulanmak bilen, gazy we onuň sintezini arassalaýan enjam gurular. Ol tebigy gazy ýokary hilli benzine öwürmäge we dizel ýangyjyny mentanola öwürmäge mümkinçilik berer. Gazy hereketlendirijiniň ýangyjyna öwürmek üçin bu kärhananyň ýakyndan geçýän Gündogar-Günbatar sebitleýin gaz geçirijisi boýunça her ýylda 3,7 milliard kubmetr tebigy gazy berer.
Türkmenistanyň halkara gaz kongresi - TGC-2016 soňky ýyllarda çalt depginler bilen ösýän hyzmatdaşlygy ösdürmäge we daşary ýurt kompaniýalary we nebitgaz ulgamynyň döwlet gurluşlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berer.