Ï «Türkmendöwlettaslama» ilmy-önümçilik birleşiginiň işgärlerine ISO 9001-2015 hil standartyna laýyk gelýän resminama gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmendöwlettaslama» ilmy-önümçilik birleşiginiň işgärlerine ISO 9001-2015 hil standartyna laýyk gelýän resminama gowşuryldy

view-icon 1077
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Onda OOO “Promstroý-Sertifikasiýa” (Moskwa şäheri) bilermeni Igor Negaýka ylmy-önümçilik birleşiginiň ýolbaşçylygyna türkmen taslamaçylary tarapyndan inženerçilik gözlegleri we binagärlik-gurluşyk taslama ulgamynda ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň ýokary hilini tassyklaýan sertifikasiýa gowşurdy.


Ýurduň baş taslama birleşiginiň hünärmenleri halkara hil talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaý-raýat we senagat ähmiýetli desgalaryň taslamasyny düzmäge üç ýylyň dowamynda ulanmaga hukuk aldylar. Sertifikasiýa guramasynyň bilermeni I.Nagaýkanyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, laýyk gelýän sertifikaty bermek baradaky çözgüt ylmy-önümçilik birleşiginde taslama-gözleg işleriniň halkara standartlaryna laýyk gelmegini üpjün edýän hiliň menejment ulgamyny ornaşdyrylmagyň netijeleri boýunça kabul edildi.

Guramada bir ýarym ýylyň dowamynda gurluşyk senagatynda işleri we hyzmatlary sertifikasiýalaşdyrmaga taýýarlyk işleri güýçli depginlerde alnyp baryldy. Birleşikde hil bölümi döredildi. Onuň hünärmenleri OOO “Promstroý-Sertifikasiýa” tarapyndan guralýan okuw maslahatlarynyň çäklerinde okuw tapgyrny geçdiler. Bilermenler işgärleri içerki audit boýunça taýýarladylar Häzirki wagtda taslama guramasynda hil barada düzgünnama işlenilip taýýarlanyldy we golaý wagtda her bölümde hil görkezijileriniň üpjün edilmegini tassyklaýan auditorlyk barlagy geçiriler.


“Türkmendöwlettaslamasynyň” hünärmenleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanan şäherleri we obalary ösdürmek we abadanlaşdyrmak baradaky maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýarlar. Diňe geçen ýylda birleşige taslama we gözle işlerini geçirmek boýunça buýurmalaryň müňden gowragy gelip gowuşdy. Şu ýyl buýurmalaryň bukjasyna ýene-de 350 sany şertnamalar gelip gowuşdy.

Taslamaçylar paýtagtyň we welaýatlaryň köp sanly iri desgalarynyň gurluşygy üçin resminamalary taýýarladylar. Döwlet baştutanynyň buýrugy bilen bu gurama Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň ählisini ösdürmegiň baş meýilnamasyny döretmäge girişdi. Olaryň taslamalary boýunça ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, söwda-dynç alyş merkezleri we edara binalary, 700 gektar meýdany tutýan paýtagtyň dynç alyş we gezelenç seýilbagy gurulýar.


Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 720 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebiň taslamasy, Balkan welaýatynyň Gyzylbaýyr obasynda – 320 okuwça niýetlenen mekdebiň taslamasy taýýarlandy. Tejen şäherinde lagym we arassalaýyş desgalarynyň taslamasy işlenilip taýýarlandy.

– Biziň işimizde esasy ugur inženerçilik gözleg we binagärlik-gurluşyk taslama işlerinde işleriň we hyzmatlaryň ýokary hili bolup durýar, - diýip, “Türkmendöwlettaslama” DTYÖB başlygy Perhatmuhammet Nyýazgulyýew nygtaýar. – Biziň işimiziň ýokary hilliligi halkara we milli – normatiw talaplarynyň we standartlarynyň ählisini berjaý etmek, işgärleriň ýokary hünär kämilligi we biz öz guramamyza integrirlän biznes-meýilnamasy bilen üpjün edilendir.