Ï Türkmen seleksionerleri çal garaköli bagananyň önümçiligini artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen seleksionerleri çal garaköli bagananyň önümçiligini artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýarlar

view-icon 1256
Goýunlaryň garaköli tohumlary – örän gadymy tohumlaryň biri. Muňa arheologiki maglumatlar şaýatlyk edýär. Onuň ýokary hilli ýüňi - gadymyýetde Amyderýanyň sag we çep kenarlarynda ýaşan maldarlarynyň köp asyrlap çeken zähmetiniň netijesi. Onuň ýokary derejeli adaptiwliligini garaköli goýunlarynyň ewolýusiýasynda esasy hereket edýän güýje öwrülen çarwadarlaryň oýlanyşykly maksada gönükdirilen işleri şertleri döretdi.


Bu tohumyň genetiki mümkinçiligi örän ýokary: berk beden gurluşy we ýokary adaptiw hilliligi şular ýaly mallary Türkmenistanyň çäkleriniň ähli ýerlerinde islendik toprak howa şertlerinde ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Garaköli goýny özüniň önümi bilen bagana ugruna degişlidir: adam ony haly önümçiliginde ulanylýan ýüňi, ýokary tagamly eti, süýdi, deri almak üçin ösdürip ýetişdirýär. Bu tohum reňkiniň köp dürliligi we baýlygy bilen tapawutlanýar. Olardan has gymmatlysy çal reňklisi garamtyl-çal, orta çal we ýagty çal görnüşlerine bölünýär. Mundan hem başga, öwüşgine bölünýär, olardan mawy, kümüş we gurşun öwüşginlileri esasy hasap edilýär.

Çal reňkiň döreýşi barada anyk maglumatlar ýok. Gündogaryň meşhur syýahatçysy we gözlegçisi Wamberi özüniň «Buharanyň taryhy» atly kitabynda, ýyl ýazgylary çeşmelerine salgylanmak bilen, buhara hökümdarlarynyň birinde 1642 ýylda çal reňkli guzylary guzlaýan goýunlarynyň 80 müňüsi bolupdyr.


Türkmenistanyň çäklerinde çal garaköli goýunlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen geçen asyryň ortalarynda meşgullanyp başlanyldy. Esasy ylmy-gözleg işleri Murgap sebitiniň tohumçylyk zawodynda geçirildi. Ylmy işgärleriň, hojalygyň çopanlarynyň we hünärmenleriniň köp ýyllyk zähmetleri netijesinde çal reňkli mawy öwüşginli reňkli garaköli goýny çykaryldy. Ýurdumyzyň dowardarlary bu gözleglere ýokary hilli çal garaköli baganasyny senagat möçberde almak üçin birnäçe ýyl mundan ozal gaýdyp geldiler.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň maldarçylyk we weterinariýa institutynyň işgärleri tarapyndan Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň «Saryja» goýundarçylyk hojalygynyň hünärmenleri we çopanlary bilen bilelikde maksada gönükdirilen işler geçirildi. Döwlet sürüsinde bar bolan çal reňkli garaköli goýunlar bir sürä jemlendi we olaryň baş sany 900 boldy. Ondan soňra “Galaýmor” maldarçylyk hojalygynyň hünärmenleriniň ýardam bermeklerinde çal reňkli bagana görnüşindäki mallaryň ählisiniň ilkinji sürüsi döredildi.

Bu ugurda işler birnäçe ýyl dowam etdi, institutyň alymlary maldarçylyk hojalygynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri we çopanlary bilen sürüleriň ýagdaýy boýunça monitoring geçirdiler. Birnäçe synag sürülerinde mallardan owlak-guzy alynýan we guzylary monitirowka edilýän döwründe tohumçylyk çäreleri hasaba alyndy we seljerildi. Häzirki wagtda sürüde çal reňkleri öndürijileriň baş sanynyň 300 bar we olar esasan hem geçen ýylda doglan ýaş mallardan ybaratdyr. Bu mallar şu ýylyň güýz aýynda geçiriljek tohumçylyk çärelerine gatnaşdyrylar. Seleksion işleri dowam etdirilýär.

Bu günki gün çal reňkli mallaryň sürüsiniň üçüsi bar: olaryň biri – uly ýaşly ene mallar, ikinjisi – bir ýarym ýaşly we üçünjisi – ýaş mallardyr. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, ýene-de birnäçe ýyldan çal we kümüşsow reňkli garaköli baganalaryny senagat möçberlerde almaga mümkinçilik bolar