Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-den, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen işewür toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyna we polipropilen gabyna isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük, şeýle hem nah ýüplükleriň we pagtanyň galyndylary ýerlenildi. Olary Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Belarusdan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 718 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Hytaýdan, BAE-den, Türkiýeden, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 1 million 600 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi, pagta soapstogynyň çig ýagly kislotasyny satyn aldylar.