Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň sergisi açyldy, onda dostlukly ýurduň dürli sebitlerinden gelen kompaniýalaryň önümleri görkezilýär.
Mälim bolşy ýaly, biziň döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar we depginli ösýän ykdysady hyzmatdaşlyk hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Türkmenistan bilen Türkiýe döwletara hyzmatdaşlygynyň tejribesini we mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýarlar, dürli derejelerde, ozaly bilen bolsa ýokary derejede geçirilýän duşuşyklarda bu hyzmatdaşlygyň binýady goýuldy.
Muňa netijeli ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygy, ýylyň-ýylyna barha artýan haryt dolanyşygynyň möçberleri, şeýle hem durmuşa geçirilen we häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalaryna öňdebaryjy türk kompaniýalarynyň gatnaşýandygy hem şaýatlyk edýär. Bu işleriň barha netijeli häsiýete eýe bolmagyna yzygiderli ýagdaýda guralýan bilelikdäki işewürler maslahatlary, ýöriteleşdirilen sergiler hem ýardam berýär, olarda biziň ýurtlarymyzyň ylmy-tehniki we durmuş-ykdysady gazananlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
Türkiýäniň gurluşyk senagaty materiallarynyň nobatdaky sergisiniň geçirilmegi hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylýandygynyň ýene bir anyk mysalydyr. Serginiň esasy maksady maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, biziň ýurtlarymyzyň arasynda deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda guralýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek bolup durýar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler, onda bu serginiň ähmiýeti nygtalyp, serginiň iki dostlukly ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, köptaraply döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam berjekdigi aýdylýar. Gutlagda şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýäniň bilelikdäki oňyn tejribesini nazara almak bilen, iki ýurduň ägirt uly serişdeler kuwwatynyň, milli ykdysadyýetiň üstünlikleriniň we geoykdysady ýagdaýynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirilmeginiň şerti bolup durýandygy bellenilýär.
Serginiň açylyş dabarasynyň barşynda Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Fatih Metiniň çykyşynda nygtaýşy ýaly, türkmen Lideriniň baştutanlygynda alnyp barylýan iri möçberli özgertmeler we “Açyk gapylar” syýasaty bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerine esaslanýan hem-de Türkmenistanyň sebit we halkara derejesinde abraýynyň mundan beýläk-de belende göterilmegine ýardam berýär. Globallaşmak we dünýä bazarynda bäsdeşligiň ýitileşen döwründe sergileriň geçirilmeginiň möhümdigi barada aýtmak bilen, myhman bu gözden geçirilişiň köpasyrlyk dostluk we ruhy umumylyk ýagdaýyna, özara düşünişilmegine we ynama esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda ähmiýetini belledi.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz gurluşyk ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribe topladylar. Olaryň hatarynda türk kompaniýalarynyň paýtagtymyzy we sebitleri ösdürmek maksatnamalaryny amala aşyrmaga, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmäge, şeýle hem sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär.
Türkmenistan häzirki döwürde ykdysady ösüşiň ýokary görkezijilerine eýe bolmak bilen gurluşyk pudagyna iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň peýdalanylmagyna aýratyn üns berýär. Iri senagat desgalarynyň, häzirkizaman ýaşaýyş jaýlarynyň, sport desgalarynyň, bilim ulgamynyň edaralarynyň, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň abzallary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleriniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Biziň ýurdumyz gurluşyk pudagyna uly maýa goýum serişdelerini gönükdirmek bilen, ykdysadyýeti, durmuş we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek üçin ygtybarly binýat döredýär. Şunda göni maýa goýumlary görnüşinde daşary ýurt serişdelerini we beýleki maliýe serişdeleriniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan şu gün açylan sergi diňe bir ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde däl-de, gurluşyk materiallary senagaty ulgamynda türk maýadarlary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem uly ähmiýete eýe bolar.
Ýurdumyzyň söwda-senagat edarasy we “Meridiýen” türk kompaniýasy tarapyndan guralan ýöriteleşdirilen sergi bu ýyl görkezilýän önümleriň görnüşleri bilen tapawutlanýar. Şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we gurluşyk pudagynda hem-de gurluşyk materiallary önümçiliginde innowasiýa işläp taýýarlamalary hödürleýän hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini bellemek gerek. Sergide türk kompaniýalarynyň 48-si öz diwarlyklaryny görkezdiler. Olaryň hatarynda «George Fisher Hakan Plastik Boru ve Prof. San. Tiç. A.Ş.», «Saray Döküm ve Madeni Aksam San. Turz. A.Ş.», «Çuhadaroglu Metal San. ve Tiç. A.Ş.», «5M Inşaat Ithalat Tekstil Ihraçat Sanayi Tiçaret Limited Şirketi», «Ekol Mühendislik Inşaat Mimarlik Dogalgaz Turizm Tiçaret ve Sanayi Ltd. Şti.», «Total Inşaat Sanayi ve Tiçaret Ltd. Şti.» we beýlekiler bar.
Sergä gatnaşyjylar gurluşyk pudagynda daşky timarlaýyş işleri üçin peýdalanylýan sargy we timarlaýyş serişdeleri, şeýle hem plastikden we kauçukdan taýýarlanan önümleri, metal gurnamalaryny, santehniki we elektrik enjamlaryny, yşyklandyryş ulgamlaryny, ýokary ýylylyk saklaýjylygy bolan penjire we gapy aýnalary görkezýärler. Sport desgalary üçin ýöriteleşdirilen enjamlar, şeýle hem hojalyk tehnikasyny we mebelleri öndürýän kompaniýalaryň önümleri görkezilýär.
Ençeme ýyllaryň dowamynda geljegi uly türkmen bazarynda üstünlikli işleýän — «Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanayi Tiçaret A.Ş.», «Nata Group -Net Yapi ve Tiçaret Mühendislik Mimarlik Müşavirlik Ltd. Şti.», «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tiçaret A.Ş.», «Rönesans Turkmen Inşaat Sanayi we Tiçaret A.Ş.», «BeIda Inşaat ve Taahhüt Tiçaret Ltd. Şti.» kompaniýalary innowasiýa we ýokary tehnologiýaly çözgütleri peýdalanmaga gönükdirilen taslamalary görkezýärler.
Sergide Binagärlik we gurluşyk ministrliginiň, Jemagat hojalygy ministrliginiň, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň diwarlyklary bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi.
Türkmen telekeçileri hem öz işleriniň dürli ugurlaryny beýan edýän gazananlaryny görkezýärler, olar soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekeçilik ulgamyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi netijesinde milli ykdysadyýetimizde bäsdeşlige ukyply hyzmatdaşlar hökmünde öz ornuny ep-esli berkitdiler. Ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalaryna paýtagtymyzda hem, welaýatlarda hem dürli maksatly binalary gurmak boýunça düýpli taslamalar ynanylýar.
Ýurdumyzyň işewürlik wekilleriniň Awazanyň düzümlerini kemala getirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Aşgabady gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň desgalarynda ýurdumyzyň hususy kompaniýalarynyň ýerine ýetiren gurluşyk-gurnama işleri aýratyn bellenilmegine mynasypdyr. Häzirki wagtda türkmen işewürliginiň wekilleri öz önümlerini we hyzmatlaryny, şol sanda gurluşyk pudagynda gazananlaryny daşarky bazarlara çykarmak üçin uly mümkinçilige eýe bolýarlar.
Ýurdumyzyň telekeçileriniň bu sergä gatnaşmaklary diňe bir öz maýa goýum taslamalaryny görkezmek üçin uly mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, türk kärdeşleri bilen geljekde hyzmatdaşlyk etmek üçin ylalaşyklary gazanmaga hem ýardam berer.
Umuman 18-nji iýuna çenli öz işini dowam etdirjek ýöriteleşdirilen sergä iň täze tehnologiýalar bilen giňden tanyşmak, şeýle hem geljekde iki dostlukly halkyň bähbidine türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň strategiýasyny kemala getirmek üçin netijeli meýdança hökmünde garalýar.