Ï Kenar ýakasynyň nebitçileri Demirgazyk Goturdepede we Altynguýuda buraw işlerini çaltlandyrylan depginlerde alyp barýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kenar ýakasynyň nebitçileri Demirgazyk Goturdepede we Altynguýuda buraw işlerini çaltlandyrylan depginlerde alyp barýarlar

view-icon 710
Täze ýataklary özleşdirýän buraw toparlarynyň gazanýan ýokary görkezijileri, - “Türkmennebit” DK “Nebitgazylmytaslama” institutynyň önüm öndürijileriniň, alym-geologlarynyň, senagat geologlarynyň, geofizikleriň we kenar ýakasynyň nebit baýlyklaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýan beýleki hünärmenleriň sazlaşykly işleriniň netijesidir.

Ynha indi bäş ýyldan gowrak wagt bäri nebitçiler Hazar deňziniň az suwluklarynda – Demirgazyk Goturdepede iş alyp barýarlar. Häzir Goturdepede buraw işleri müdirligi gözleg guýularynyň bäşisinde we ulanyş guýularynyň onysynda buraw işlerini güýçlendirilen depginlerde alyp barýar.

Häzirki wagtda Esenguly etrabynda ýerleşýän Altyguýy ýatagynda buraw işleri birbada gözleg guýularynyň üçüsinde we ulanyş guýularynyň 11-sinde alnyp barylýar.

Öň hem Demirgazyk Goturdepede, hem Altyguýyda ulanyş burawlamagy daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde alnyp barylan bolsa, häzirki wagtda bu işler türkmen hünärmenleri tarapyndan alnyp barylýar. “Türkmennebit” DK kärhanalary aşa çuň guýularda buraw işlerini alyp barmak üçin niýetlenen öňdebaryjy häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu bolsa öňde goýlan wezipeleriň wagtynda ýerine ýetirilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.

Türkmenistanyň energetika we ykdysady garaşsyzlygyny üpjün edýän strategiki tebigy serişdeler nebit we gaz bolup durýar. Bu tebigy baýlyklaryň önümçiligini artdyrmak maksady bilen, “Türkmenistany 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz toplumyny ösdürmegiň Milli maksatnamasy” işlenilip taýýarlanyldy. Bu maksatnama laýyklykda bu pudagyň öňünde , hususan-da, täze nebit ýataklarynyň işlenilip taýýarlanyşyny çaltlandyrmak, ulanylýan we nebit gatlaklarynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, uglewodorod çig malynyň gazylyp alynyşyny toplumlaýyn mehanizmleşdirmek we awtomatlaşdyrmak ýaly wezipeler goýuldy.