Ï Ýurdumyzyň Demirgazyk sebitinde- Daşoguz welaýatynda galla oragy badalga aldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň Demirgazyk sebitinde- Daşoguz welaýatynda galla oragy badalga aldy

view-icon 813
Möhüm oba hojalyk kampaniýasyna gözüňi dokundyrýan bugdaýly meýdany bolan S.A.Nyýazow etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk aksioner jemgyýetiniň galla meýdanlarynda başlady.Gallaçylaryň esasy wezipesi- jogapkärli galla oragyny ýitgisiz, wagtynda geçirip, birjikde dänäni yrýa etmän ýygnamakdan ybarat.

Welaýatyň galla meýdanlary bir ýüz elli ýedi müň gektar ýeri tutýar. Hünärmenleriň baha bermegine görä bugdaýly meýdanlaryň ähli ýerinde ekinlere gowy seretmegiň we hemme agrotehniki çäreleriň hünärmenleriň maslahatlaryna laýyklykda ýerine ýetirmek bilen özüniň gowy ýokary çörek bişijilik hili bilen tapawutlanýan «Sähraýy», «Juwan», «Batko», «Ýubileýnaýa-100», «Irişka», «Wassa» ýaly tohumlar ekilen.

Galla oragyň möhüm we wajyp düzümi bolup Daşoguz welaýatynyň galla kabul ediň punktlary bolar. Olarda ýöriteleşdirilen hojalyklarda ösdürilip ýetişdirilen tohum bugdaýy saklamaga niýetlenen uly sygymly ammarlary bar. Häzirki zaman gözegçilik-ölçeg enjamlary bilen enjamlaşdyrylan barlaghanalar galla kabul etmäge taýýarlanyldy. Demirgazyk sebitiň birnäçe etraplarynda gallany saklamak we täzeden işlemek üçin häzirkizaman toplumlar, täze tehnologiki taýdan enjamlaşdyrylan elewatorlar işleýär.