Ï 1 million tonna ak bugdaý taýýar!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

1 million tonna ak bugdaý taýýar!

view-icon 933
Türkmenistanyň gallaçylary täze zähmet ýeňşine tarap ynamly gadam urýarlar — ýurdumyzyň galla kabul ediş bölümleri bugdaýyň 1 million tonnasyny kabul etdiler. Bu üstünlik ekerançylaryň 2016-njy ýylyň galla oragynyň esasy wezipesiniň — ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap, eziz Watanymyzyň harmanlaryna saýlama bugdaýyň 1 million 600 müň tonnasyny tabşyrmak wezipesiniň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynam döredýär.

Türkmen gallaçylarynyň netijeli zähmeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan oba maksatnamasynyň çäklerinde oba hojalygynda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň anyk miwesidir. Ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak, oba hojalyk toplumynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek we sebitler boýunça ýöriteleşdirmek, ekerançylyga bazar gatnaşyklaryny yzygiderli ornaşdyrmak — şu we beýleki möhüm wezipeler döwletimiziň oba syýasatynda täze mazmuna eýe boldy.

Döwletimiz oba hojalyk pudagyna maksada gönükdirilen goldaw berýär, ol obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzümini tehniki taýdan enjamlaşdyrmakda we döwrebaplaşdyrmakda, oba zähmetkeşlerini mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatyny ösdürmekde, meliorasiýa we suw üpjünçilik meselelerini çözmekde öz beýanyny tapýar. Obasenagat toplumy üçin döwrebap traktorlar, kombaýnlar, tehnikalar satyn alynýar. Ähli ýerlerde täze elewatorlar we degirmenler işe girizilýär.

Oba hojalyk özgertmeleriniň maliýe-ykdysady gurallary barada aýdylanda, ýöriteleşdirilen tehnikalary satyn almak, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine berilýän ýeňillikli karzlar barada durup geçmek gerek. Dürli önümler, şol sanda bugdaý üçin satyn alyş nyrhynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwletimiziň önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar ulgamynyň kämilleşdirilmegi oba zähmetkeşleri üçin oňat itergi bolup durýar.

Mundan başga-da, "Obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamany", “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş meýilnamasyny” we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde, ähli sebitlerde türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň azyklyk dänäni daşary ýurtlara iberip başlamagy okgunly döwlet ösüşiniň nukdaýnazaryndan örän uly ähmiýete eýedir. Umuman, bularyň hemmesi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şol sanda öz öndürýän çöregimiz bilen içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Galla oragy dowam edýär, kabul ediş bölümlerine her günde ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy tabşyrylýar. Gallaçylar ýetişdirilen bereketli hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almak, döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek hyjuwy bilen öndürijilikli zähmet çekýärler. Ýeri gelende ýatlasak, şu ýyl ýurdumyzyň galla meýdany 760 müň gektara deň boldy. Oba hojalyk ýerleriniň agramly bölegi bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri, hususan-da, “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Akbaş”, “Wassa”, “Irişka”, “Ýubileýnaýa-100” görnüşleri ekilip, olar Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine oňat uýgunlaşdylar.

Galla oragynda “Case”, “New Holland”, “John Deere”, “CLAAS” we beýleki kombaýnlaryň 1 müň 562-si işledilýär. Kabul ediş bölümleriniň 158-sine, ammarlara we elewatorlara dänäniň daşalmagyny Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýük awtoulaglarynyň 6 müň 900-den gowragy üpjün edýär.

Gazanylan üstünligi berkitmek üçin galla meýdanlarynda iş depgini birjik-de gowşadylmaly däldir, galla oragyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmagyň bähbidine ýurdumyzyň galla baýlygyny artdyrmak boýunça daýhanlaryň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň hötdesinden abraý bilen gelmek üçin sazlaşykly, tutanýerli zähmet çekýärler.