Ï Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde Hyundai Engineering kompaniýasy hünärmenleri taýýarlaýan Merkezi açdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde Hyundai Engineering kompaniýasy hünärmenleri taýýarlaýan Merkezi açdy

view-icon 1080
Ýylyň dowamynda gurluşyk pudagynda işleýän türkmen işçileriniň 400-den gowragy häzirki zaman kebşirleýiş işlerini özleşdirerler. Bu okuwa kompaniýanyň we potratçy kärhanalaryň hünärmenleri instruktorlar hökmünde ýolbaşçylyk ederler.

Gyýanly şäherçesinde 2014-nji ýyldan bäri biziň ýurdumyzda iň iri polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Abraýly halkara maliýe we ätiýaçlandyryş guramalarynyň ykrar etmekleri boýunça bu taslama 2014-nji ýylda Ýewropanyň we Aziýanyň iň gowy taslamalarynyň onusynyň biri bolup durýar we “ТХЕ-niň” (Beýik Britaniýa) ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň kreking etan goýmak bilen gurluşygy Türkmenistanyň we Hyundai Engineering kompaniýasynyň işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda möhüm ugry bolup durýar. Bu kompaniýanyň Türkmenistanda tehnologiki enjamlar boýunça esasy taslamalarynyň biridir. Şeýle hem bu kompaniýa nebitgaz we nebithimiýa ýataklaryny özleşdirmek ulgamynda möhüm infrastruktura taslamalarynyň birnäçesini ýerine ýetirýär. Hyundai Engineering kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kim Wu Çul Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedow bilen bolan duşuşygynda aýdyşy ýaly, “bu günki gün Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalaryň diňe bir sebitde uly ähmiýete eýe bolman, eýsem halkara derejesinde hem uly ähmiýete eýe bolar”. Jenap Kim Wu Çul söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedowy onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan anyk borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigi barada ynandyrdy.

Hünärmenleri-kebşirleýjileri taýýarlamak – bu Hyundai Engineering kompaniýasynyň başlangyjydyr. Onuň açylyş dabarasy diňe bir kompaniýa üçin möhüm waka bolman, eýsem bütin ýerli jemgyýetiň, Balkan welaýatynyň döwlet gurluşynyň we giň halk köpçüligi üçin şatlykly waka boldy. Dabaraly çärä kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kim Mun Wunyň, Koreýanyň Türkmenistandaky ilçisi Jong Te-Iniň, “Türkmengaz” DK ýokary wekiliniň gatnaşmaklary dabaranyň ähmiýetini has hem artdyrdy.

Hünärmenleri-kebşirleýjileri taýýarlaýan merkezi – bu ajaýyp bilim toplumydyr. Bu ýerde teoriýany öwrenmek we praktiki sapaklary geçmek üçin ähli mümkinçilikler bardyr. Merkezde hersinde 100 adam bolan toparlaryň 4-si okuw sapaklaryny geçerler. Kompaniýamyň hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň gyzgalaňly döwründe işgärleriň gerek bolan sany on müň adama ýeter.

Şonuň bilen birlikde hünärmenleri-kebşirleýjileri taýýarlaýan merkeziň döredilmegini Hyundai Engineering kompaniýasy Gyýanlyda gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin bir sapalyk taslama hökmünde garamaýar. Kompaniýanyň ýörite wekili jenap Park Jihonyň aýdyşy ýaly, bilim merkezi türkmen hünärmenlerini tehniki taýdan taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak üçin durnukly model bolup durýar. Kompaniýa diňe bir ýokary hünärli işçileri taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem zawodyň dürli tehniki hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrmaga ýardam bermegi hem göz öňünde tutýar. Munuň üçin hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny ýuwaş-ýuwaşdan giňeltmek hem-de oňa KIPiA we elektrik ýaly hünärleri girizmek göz öňünde tutulýar. Hyundai Engineering kompaniýasy bilim merkeziniň döretmek baradaky öz taslamasyna türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine möhüm goşant hökmünde garaýar.

Biz şu ýerde kompaniýanyň başlangyjynyň milletiň baştutanynyň ilatyň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek we ýokary hünärli hünärmenleriň derejesini ýokarlandyrmak baradaky syýasaty bilen utgaşýandygyny belläp geçmelidiris.