Ï Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara polat ýolunyň gurluşygyndan habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara polat ýolunyň gurluşygyndan habarlar

view-icon 1343
Türkmenistan sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmekde özüniň ornuny pugtalandyrýar. Munuň özi ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biridir. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen hyzmatdaş döwletleriň bilelikde amala aşyrylýan Türkmenistan —Owganystan — Täjigistan demir ýoluny gurmak baradaky taslama munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň düzüm bölümleri bu ýoluň Atamyrat — Ymamnazar böleginde gurluşyk işlerini ýokary depginde dowam edýärler.

Häzirki döwürde demir ýol bu şahanyň 80-nji kilometrinde Ymamnazar menziline çenli ýetirildi. Şunuň bilen birlikde elektrik geçirijileri çekmek, Gülüstan we Ymamnazar menzillerinde düzümleýin desgalary, şu ýolda iri demir ýol köprüleriniň ikisini (uzynlygy 363 metr we 256 metr) gurmak işleri alnyp barylýar.

Lebap welaýatynyň okgunly ösüşini nazara almak bilen, demir ýoluň bu bölegi uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bu welaýatda iri senagat merkezi döredilýär, hususan-da, nobatdaky ägirt uly senagat kärhanasy – kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan – baýlaşdyryjy toplum gurulýar. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän meýilnamalar babatda bu zawoda möhüm orun berilýär.

Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan polat ýolunyň düýbüni tutmak dabarasy üç döwletiň baştutanlarynyň — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň iýun aýynda boldy. Bu demir ýol sebit ýolunyň ähmiýetli bölegine, geljekde bolsa halkara ulag düzüminiň bölegine öwrüler.

Türkmenistan bilen goňşy ýurtlaryň arasynda demir ýol gatnawlarynyň ýola goýulmagy döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berer, olaryň haryt dolanyşygynyň gyşarnyksyz ýokarlanmagyna, ulag, önümçilik we durmuş düzüminiň giňeldilmegine ýardam eder.

Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýoly Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan ulag geçelgesiniň “altyn halkasy” bolar. “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesiniň möhüm ugry bolup durýan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly bu strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ony döretmek boýunça milli Liderimiziň öňe süren pikirinde millionlarça adamlaryň bähbidini, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegini nazarlaýan çuňňur many bar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan parahatçylyk dörediji we sebitiň iri ykdysady, işewür, medeni merkezi hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyçlary ählumumy ösüş we gadymy türkmen topragynyň medeniýetleriň merkezine öwrülmegi babatdaky meýilleriniň amala aşmagyna laýyk gelýär we ýurdumyzyň hem-de tutuş sebitiň döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň yzygiderli ösmegine ýardam edýär.