29-njy iýunda Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline ilkinji gezek Ýewropanyň iri awiakompaniýalarynyň biri bolan “Cargolux Airlines International S.A.” kompaniýasynyň ýük uçary gondy. Munuň özi howa ulaglary arkaly ýük daşamakda Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny giňeldýändiginiň nobatdaky ajaýyp subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawy hakyndaky degişli ylalaşyga laýyklykda, 2015-nji ýylyň iýunyndan başlap, “Cargolux” awiakompaniýasy tarapyndan Lýuksemburg — Türkmenbaşy ugry boýunça hepdede 8 gatnawy ýerine ýetirilýär, 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan bolsa ýerine ýetirilýän howa gatnawlarynyň sany 10-a çenli köpeldildi. Ine, indi bolsa bu kompaniýanyň howa arkaly ýük daşaýan ugurlarynyň hataryna paýtagtymyz hem goşuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwrebap ulag-üstaşyr ulgamyny kemala getirmegiň ähmiýeti babatda aýtmak bilen, ýurdumyzyň awiasiýa ulgamynyň düşewüntliliginiň ýokary derejesini üpjün edýän birnäçe çäreleri kesgitledi. Türkmenistanyň özüniň amatly geografiki ýagdaýy netijesinde Ýewraziýa halkara ýük gatnawlarynyň ägirt uly möçberlerini özünde jemlemäge mümkinçiligi bar. Şu maksat bilen milli ulag-logistika ulgamynyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Munuň özi ýük gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrmaga we dolandyryş düzümini gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Hökümetiň bu mejlisinde milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara döwletimiziň iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini pugtalandyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri doly herekete girizmegi tabşyrdy.
Häzirki wagtda döwletimiz birnäçe iri we abraýly halkara ulag guramalarynyň doly hukukly agzasy hökmünde üstaşyr ýolagçy gatnadylyşynyň we ýük daşalyşynyň tizligini we ygtybarlylygyny ýokary derejede üpjün edýär. Milli Liderimiziň aladalary netijesinde ýurdumyzyň raýat awiasiýasy depginli ösdürilýär, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap howa menzilleri gurulýar. Ýakyn wagtda paýtagtymyzyň täze Halkara howa menzili ulanmaga berler. Uçarlaryň häzirki zaman görnüşleri, ýöriteleşdirilen abzallar we enjamlar bilen “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tehniki binýadynyň üsti maksada laýyk ýetirilýär. Döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda işgärleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar.
Şeýlelik bilen, Türkmenistan özüniň tiz ösýän üstaşyr-ulag, şol sanda howa arkaly gatnawlarynyň kuwwatyny diňe bir sebitiň ýurtlarynyň ykdysady bähbitleri üçin däl, eýsem, ondan has giň, ýagny yklymara möçberlerde herekete getirmegiň mümkinçiliklerini ynamly giňeldýär.