Ï “Türkmengaz” Döwlet konserniniň hünärmenleri “Galkynyş” gaz ýatagynda ulanyş buraw işlerini çaltlandyrylan depginler bilen alyp barýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň hünärmenleri “Galkynyş” gaz ýatagynda ulanyş buraw işlerini çaltlandyrylan depginler bilen alyp barýarlar

view-icon 1033
Şu ýylyň geçen 5 aýynda dag jynslaryny burawlamak işleri meýilnamadaky göz öňünde tutulan 11380 metriň ýerine 12081 metr buraw işleri geçirildi. 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende buraw işleriniň möçberi 140 göterimden hem ýokary ösdi.

Bu ajaýyp ýerasty baýlyklarynyň ätiýaçlyk gorlary 26,2 trillion kubmetrden hem geçýär. Häzirki wagtda ýurduň gaz senagatynda amala aşyrylýan iri taslamalarynyň biri bu ýatagy senagat taýdan özleşdirmek bolup durýar.

Günorta Koreýadan, Hytaýdan we Birleşen Arap Emirliklerinden daşary kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda ilkinji tapgyrynyň çäklerinde gazly çäklerde gazy taýýarlamak we kükürtden arassalamak boýunça ýylda 30 milliard kubmetr harytlyk gazy öndürýän ýerüsti infrastrukturaly zawodlar guruldy.

Bu ýatagy senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji we üçünji tapgyrlaryna badalga berildi. Ikinji tapgyry özleşdirmegiň çäklerinde guýularyň 70-ni burawlamak, olaryň köpüsiniň önüm berijiligi – her günde 2 million kubmetrdir, kuwwatlylygy her biri harytlyk gazyň 15 milliard kubmetrini arassalaýan we taýýarlaýan baş binalarynyň ikisiniň gurluşygy, guýulardan gaz ýygnalýan nokatlara çenli gaz geçirijileri gurmak, ýylda 5 milliard kubmetr çig gazy toplaýjylaryň 6-nyň binasyny gurmak, şeýle hem birnäçe tehnologiki ugurlary: tebigy gazy guradýan we agyr elementlerden arassalaýan; 235 müň tonna harytlyk kondensaty öndürýän; umumylykda 2 million tonna kükürdi öndrüýän we gaplaýan ugurlary gurmak meýilleşdirilýär.

Bu önümçilikleri tebigy gaz bilen üpjün etmek maksady bilen, “Türkmengaz” Döwlet konserni tarapyndan gaz känlerini burawlamak işleri çalt depginler bilen alnyp barylýar. “Galkynyş” ýatagynyň çylşyrymly dag-geologiki şertlerinde ýokary hilli guýulary gurmagyň möhümdigini göz öňünde tutmak bilen, buraw işlerinde “Schumberger”, “Weatherforl”, “Halliburton” ýaly belli nebithyzmatediş kompaniýalarynyň häzirki zaman we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanylýar. 7000 metr çuňluga ýetmäge mümkinçiligi bolan ýokary öndürijilikli häzirki zaman enjamlaryň bäşisi satyn alyndy.

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň güýçleri bilen “Türkmengeologiýa” Döwlet konserniniň potratçy guramalaryny çekmek bilen, gysga möhletlerde bu ýatakda ýokary önüm beriji guýularyň 8-si ulanyşa berildi. Ulanyş guýularynyň 7-si synaga taýýar edildi, ýene-de guýularyň 13-sini burawlamak işleri dowam etdirilýär. Ýylyň ahyryna çenli hereket edýän guýularyň üstüni ýene-de ulanyş guýularynyň 10-sy ýetirer.

Bu ýatakda işler tamamlanandan soňra tebigy gazyň arassalanan möçberi 93 milliard kubmetr bolar. “Galkynyş” gaz ýatagynyň iri göwrümli özleşdirilmeginiň gurluşygy “Türkmengaz” DK tarapyndan amala aşyrylýan TOPH magistral gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak babatda möhüm orny eýeleýär.