Salgyt ulgamy meseleleri boýunça ýeterlik düşünje almak jemgyýetiň umumy hukuk medeniýetiniň möhüm bölegidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ugurdaky bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýurtda bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegi, maýa goýum işjeňliginiň ösdürilmegi, ýurdumyzyň işewür düzüminiň yzygiderli işjeňleşdirilmegi, ykdysady işiň, maliýe usullarynyň täze görnüşleriniň emele gelmegi şertlerindäki möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.
Baş döwlet salgyt gullugy tarapyndan neşir edilýän “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnaly hut şu maksada gulluk edýär we ilkinji nobatda, degişli edaralaryň bölümleriniň we düzümleriniň işgärlerine, hasapçylara, auditorlara, geňeşçilere, telekeçilere, kärhanalaryň ýolbaşçylaryna, şeýle hem daşary ýurtly işewürlere we bilermenlere niýetlenendir.
“Türkmenistanyň salgyt syýasatynda goşulan baha üçin salgydyň fiskal ähmiýeti” atly makala täze neşiriň esasyny düzdi. Ol ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynda salgydyň ornuny açyp görkezýär we şunuň bilen baglanyşykly Salgyt kodeksiniň düzgünlerini düşündirýär. Makalada aýry-aýry salgyt ýagdaýlaryny amala aşyrmak we goşulan baha üçin salgytdan boşatmak bilen baglanyşykly käbir meseleler hakynda aýdylýar.
Meselem, Türkmenistanyň Salgyt kodeksi tarapyndan maýa goýum pensiýa gaznasy, maýyplaryň jemgyýetçilik birleşmesi kärhanasy, bilim edaralary harytlary ýerlände, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirende goşulan baha üçin salgyt tölemeýärler. Mundan başga-da, ilatyň maddy abadançylygyna täsiri bolan hyzmatlar, harytlar we işler boýunça salgyt ýeňillikleriniň giň ulgamy göz öňünde tutuldy.
Şäheriň jemgyýetçilik ýolagçy ulagynyň hyzmatlary, derman serişdelerini ýerlemek, saglygy goraýyş hyzmatlary, dişi protezlemek (bejeriş häsiýeti bolmadyk kosmetologiýa hyzmatlaryndan başgalary), bilim ulgamyndaky hyzmatlar, azyk harytlaryny ýerlemek, ilata ýaşaýyş jaý, jemagat we ulanyş hyzmatlary (öý üçin tölegler) şol sanawa girýärler.
Makalada goşulan baha üçin salgyt salynmagynyň üç görnüşi beýan edilýär, olaryň haýsy amallarda peýdalanylýandygy aýdylýar, hasaplaşygyň degişli usullary, bu salgyt boýunça jarnamalaryň düzüliş düzgünleri getirilýär.
Bellenilişi ýaly, goşulan baha üçin salgyt salynmagy döwlet gaznasyna girdejileriň durnukly gowuşmagyny, önümleriň tiz ýerlenmegini (haryt näçe tiz ýerlense, şonça-da salgyt töleýjä salgyt görnüşinde tölenen möçberdäki serişde tiz gaýdyp gelýär) şertlendirýär we onuň hiliniň gowulanmagyna ýardam edýär (önümiň hili näçe ýokary bolsa, ony ýerlemek ýeňil bolýar). Şeýlelikde, goşulan bahanyň ýüze çykarylmagynyň oňyn täsiri bar: ol harytlara goýulýan bahanyň ähli ugurlaryny anyk çäklendirýär we şunlukda, önümçilik çykdajylarynyň peselmegini şertlendirýär.
Häzir ýurdumyzda milli salgyt kanunçylygyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek dowam edýär. Salgyt ulgamyny ýönekeýleşdirmek boýunça meseleler çözülýär. Ol diňe bir salgyt gullugynyň işgärleri üçin däl, eýsem, bähbitleri we hukuklary döwlet tarapyndan goralýan salgyt töleýjiler üçin hem düşnükli bolmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken we 2016-njy ýylyň 1-nji aprelinden güýje giren Kararyna laýyklykda bu ulgama degişli harytlary hökmany töleg nyşanlary bilen nyşanlamak hakyndaky makala temmäki önümleriniň, alkogolly içgileriň söwdasyny we dolanyşygyny döwlet tarapyndan kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işlere bagyşlanypdyr.
Bu resminama Türkmenistanyň “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanyndan goramak hakyndaky” Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi. Temmäki önümlerini we alkogolly içgileri kontrabanda etmegiň we ony şu usulda satmagyň mümkinçiliklerini aradan aýyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Salgyt kodeksi we 2012—2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreş boýunça çäreleriň meýilnamasy kabul edildi. 2016-njy ýylyň 1-nji iýulynda kabul edilen Karara laýyklykda Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň söwda nyşany bolmadyk temmäki önümleriniň we alkogolly içgileriň söwdasy gadagan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Baş döwlet salgyt gullugy žurnalyň okyjylaryna bu önümleriň söwda nyşanynyň Tertibini hödürleýär.
Žurnalyň “Sorag-jogap” bölüminde salgyt dolanyşygynyň we oňa gözegçiligiň aýratynlyklaryny öwrenmek, ol ýa-da beýleki anyk ýagdaýda salgyt kanunçylygyny ulanmak boýunça özboluşly okuw sapaklary berilýär. Şunlukda hususy telekeçileriň, şol sanda hususyýetçilige täze başlaýanlaryň köpüsiniň şeýle soraglar bilen ýüzlenýändigini bellemeli. Hünärmenleriň salgyt kanunçylygyna esaslanýan giňişleýin we düşnükli jogaplary salgyt töleýjilere, işgärlere, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki şahsy taraplara örän peýdaly boljakdygy gürrüňsizdir.
Şunlukda, maliýe-ykdysady neşir giň okyjylar toplumyna diňe bir salgyt ulgamynda soňky döwürde ýüze çykýan özgerişlerden habarly bolmagyny däl, eýsem tejribeli hünärmenlerden kämil hukuk kömegini almagyny, hukuk we salgyt taýdan biliminiň ýokarlanmagyny, ykdysady taýdan ähli ugurlardan düşünje almagyny şertlendirýär we oýlanyşykly, esaslandyrylan dolandyryş çözgüdini kabul etmäge ýardam berýär.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnaly daşary ýurtly bilermenleriň anyk maglumatlaryň we resmi çeşmeleriň, tejribeli salgytçylaryň teswirlemeleriniň esasynda ýurdumyzda ykdysady ýagdaýlar hakyndaky maglumatlardan habarly bolmagyny şertlendirýär.
Şunlukda, nazaryýet bilen tejribäniň utgaşdyrylmagy, çuňňur ylmy işläp taýýarlamalar bilen baglanyşykly makalalaryň derwaýyslygy žurnalda çap edilýän makalalaryň häsiýetli aýratynlygydyr. Ähli makalalar diňe bir salgyt hukugynyň öňdebaryjy hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylmak bilen çäklenmän, eýsem, olar salgyt salmak ulgamyndaky gyzykly mowzuklary öz içine alýar we ýönekeýligi, düşnükliligi, oýlanyşykly beýan edilmegi bilen tapawutlanýar. Neşiriň özboluşly bezeg ýörelgesine eýedigini bellemeli.
Žurnalyň mazmunynyň jemgyýetiň ösüş talaplaryna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň salgyt guramalarynyň öňünde goýýan wezipelerine örän ýakyndygy milli ykdysadyýetiň durmuş ulgamyny nazarlaýandygy bilen baglanyşykly makalalara baý bolmagy žurnalyň meşhurlygyny artdyrýar.