Ï Polipropilen we polietilen öndürmek boýunça iri gaz himiýasy toplumynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Polipropilen we polietilen öndürmek boýunça iri gaz himiýasy toplumynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar

view-icon 1021
Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesiniň golaýynda iri möçberli gurluşyk işleri alnyp barylýar. Binanyň baş potratçylary—„Hyundai Engineering Co.”, “LG International Corp.”, “TOYO Engineering Corp.” kompaniýalar konsorsiumy gurluşygy doly gutaryp, tabşyrmak şerti bilen zawodyň gurluşygyny üstünlikli alyp barýarlar.


-Gürrüň polietilen turbalaryny, gaplaýyş önümlerini, dokma süýümlerini, elektrik enjamlaryny, sintetiki halylary öndürmek üçin sapaklary we beýleki önümleri öndürmekde giňden ulanylýan polipropileniň ýylda 81 müň tonnasyny we dürli sortly polietileniň 386 müň tonnasyny – has ýokary bahaly her dürli progressiw himiýa önümlerini almak üçin uglewodorod gazlaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemek barada barýar, -diýip, “Türkmengaz” Döwlet konserniniň gurluşygy alnyp barylýan gaz himiýasy toplumlary Direksiýasynyň tehnologiýa bölüminiň ýolbaşçysy Roman Abaýew gürrüň berýär.—Esasy önümlerden başga-da, täze kärhanada goşmaça önüm hökmünde ýokary hilli benzin almak üçin çig mal hökmünde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ibermäge niýetlenilip, ýylda 49 müň tonna piroliz benzin hem öndüriler.


Taze kärhana çig mallyk gazy polimerler almak üçin gaýtadan işlemek, şol sanda çig mallyk gazy arassalamak, ony fraksiýalara bölmek, parafinleriň termiki krekingi we etileniň hem-de propileniň polimerleşmegi ýaly aralyk tapgyry öz içine alýan özboluşly toplum bolar. Etanyň krekingi enjamy oturdylan polipropilen we polietilen öndürmek boýunça zawodyň taslamasynyň “TХF“ guramasynyň (Beýik Britaniýa) ýörüte baýragyna mynasyp bolmagy ýöne ýere däldir.

Taslamanyň çäklerinde gaz turbinaly elektrik bekedini gurmak, deňiz suwuny süýjütmek, azot, howa, bug öndürmek, ýata suwlary arassalamak we ş.m. işler boýunça enjamlary oturtmak göz öňüne tutulýar. Öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagyny gazanmak üçin TOÝO (Ýaponiýa), INEOS (Beýik Britaniýa), LUMMUS (ABŞ), GRACE (ABŞ) ýaly bu pudak boýunça dünýä liderleriniň öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyldy.


-Häzirki wagtda gaz himiýasy toplumynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Eýýäm 200-den köp görnüşli tehnologik we kömekçi enjamlar—reaktorlar, kompressorlar, nasoslar we rezerwuarlar oturdyldy. Ýerasty turba geçirijileri we kommunikasiýa enjamlaryny gurnamak we oturtmak işleri tamamlanyp barýar, turba estakadalaryny bina etmek işleri tamamlanmagyň öňüsyrasynda, olarda tehnologik turba geçirijileriň ýerüsti bölegini gurnamak işleri we beýleki işleriň ençemesi güýçli depginde amala aşyrylýar. Meýilnama boýunça ýylyň ahyryna çenli zawodyň tehnologik we kömekçi enjamlaryny gurnamak işlerini tamamlamak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda esasy potratçydan iş kesip alýan daşary ýurtly we ýerli edaralaryň 16-sy zawodyň gurluşygyna gatnaşýarlar, gurluşyk tehnikalarynyň 1000-den gowragy işledilýär. Golaýda gurluşygy alnyp barylýan kärhanada kebşirleýjileri taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw merkezi açyldy. Häzirki wagtda gurluşyk meýdançasynda ýerli işçileriň we inženerleriň 8 müňe hem-de daşary ýurtly hünärmenleriň 1300-e golaýy zähmet çekýärler. Gurluşyk meýdançasynyň golaýynda 5 müň adama niýetlenen işçiler şäherçesi gurlup, onda işgärleriň ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli şertler döredilipdir.


Bu özboluşly taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarlarynyň isleglerini ýokary hilli önümler bilen üpjün etmän, eýsem eksport mümkinçiliugini hem artdyrar.