Ahal welaýatynyň daýhanlary möhüm zähmet üstünligini gazandylar. Olar ilkinji bolup, eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize bugdaý taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada habar berdiler. Ahally gallaçylar Watanymyzyň harmanyna ak bugdaýyň 450 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar.
Bereketli türkmen topragyny netijeli peýdalanmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän oba hojalyk syýasatynyň baş maksadydyr. Obada giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň obasenagat toplumy hil taýdan täze sepgide çykyp, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Muňa türkmen gallaçylarynyň şu ýylky gazanan üstünlikleri hem şaýatlyk edýär, bu ajaýyp ýeňiş milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, pudagyň enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, önümçilige täze tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, ýeriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň, şeýle hem ekerançylaryň öndürijilikli zähmeti üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň kanunalaýyk netijesidir.
Ahalyň däne öndürmek üçin niýetlenen ekin meýdany 209 müň gektara barabardyr. Galla oragynda ýokary öndürijilikli “CLAAS”, “John Deere”, “Case”, “New Holland” kombaýnlarynyň 420-ä golaýy ulanylýar. Şu ýylyň fewralynda welaýatyň döwrebap suw hojalyk toplumynyň ulanylmaga berilmegi welaýatyň Altyn asyr we Kaka etraplarynda oba hojalyk dolanyşygyna girizilen tarp ýerleriň 25 müň gektara golaýyny suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Şatlykly waka—gallaçylaryň ajaýyp zähmet üstünligi mynasybetli Ahal welaýatynda dabara geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, galla tabşyrmak bardaky şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginde bol hasyl ösdürip ýetişdiren ussat ekerançylar bilen bir hatarda kombaýnçylar, kämil tehnika ussatlyk bilen erk eden sürüjiler ýygnalan hasyly harmanlara bökdençsiz ýetirilmegini üpjün etmek bilen uly goşant goşdular.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba zähmetkeşleri barada edýän aladasy, daýhanlaryň mynasyp ýaşamagy we netijeli zähmet çekmegi üçin döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň pudagyň öňünde goýan wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Dabaranyň dowamynda sungat ussatlary, meşhur tans we döredijilik toparlary çykyş etdiler. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça işde tapawutlanan kärendeçilere, kombaýnçylara we beýleki işgärlere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ahal welaýatynda galla oragy dowam edýär. Gallaçylar galan hasyly soňky dänesine çenli ýygnamagy maksat edinýärler. Şol bir wagtda bugdaýdan boşan ýerlerde häzir maldarçylyk hojalyklary üçin saman taýýarlamak, aralyk ekinleri ekmek boýunça işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, ekerançylar geljekki güýzlük däne ekişi üçin ýerleri taýýarlamagy, gowaça ideg etmegi dowam edýärler.