Ï Daşoguzyň gallaçylarynyň hoş habary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzyň gallaçylarynyň hoş habary

view-icon 1249
Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekerançylarynyň zähmet ýeňşi mynasybetli dabara geçirildi. Olar Watan harmanyna 300 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýy tabşyrdylar.

Daşoguz welaýatynyň edermen gallaçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada habar berip, döwlet Baştutanymyza oba hojalyk işgärleri baradaky hemmetaraplaýyn aladasy, ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi üçin döredilýän şertler babatynda çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler we ýetişdirilen bol hasyly iň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almak babatda milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Şu ýyl welaýatda 157 müň gektara bugdaý ekildi. Şol meýdanda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän “Sähraýy”, “Juwan”, “Batko”, “Ýubileýnaýa—100”, “Irişka” we “Wassa” ýaly bugdaý tohumlary ekildi. Galla oragynda “CLAAS”, “John Deere”, “Case” we “New Holland” ýaly dünýä belli kompaniýalaryň däne ýygnaýjy kombaýnlarynyň 335-si peýdalanyldy. Bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem harmanlara we elewatorlara daşamak üçin ýüzlerçe ýük awtoulaglary herekete girizildi. Göçme abatlaýyş-mehaniki toparlar gallaçylara gije-gündiziň dowamynda hyzmat edip, olary ýangyç, çalgy-ýag serişdeleri, tehnika üçin ätiýaçlyk şaýlary ýaly zerur serişdeler bilen üpjün etdiler.


Türkmen gallaçylarynyň bu üstünlikleriniň döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça hem-de Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli oňyn özgertmeleriniň kanunalaýyk netijesi bolup durýandygy bellenildi.

Döwletimiz ekerançylary hemmetaraplaýyn goldaýar, olary oba hojalyk ekinleriniň bol hasylly sortlarynyň saýlama tohumlary, mineral dökünler, dünýäniň belli öndürijileriniň häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün edýär. Oba hojalyk önümleriniň, ozaly bilen bolsa, dänäniň we pagtanyň satyn alyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem suw üpjünçilik desgalarynyň, melioratiw ulgamlarynyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygyna, öňdebaryjy agrotehnikanyň, ylmy işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň seçgiçilik işleriniň ösdürilmegine, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylyşyna, oba ýaşaýjylarynyň zähmet we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýär.

Galla oragy dowam edýär. Ekerançylar ekin meýdanlarynda bar bolan bol hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnamak wezipesini öňde goýýarlar.

Şu günler — 5-nji iýulda Ahal welaýatynyň, 6-njy iýulda bolsa Daşoguz welaýatynyň gallaçylaryndan gowşan hoş habarlar ýurdumyzyň gallaçylarynyň möwsümde şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirjekdikleriniň aýdyň alamatydyr.