Däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada Lebap welaýatynyň ekerançylary habar berdiler, olar eziz Watanymyzyň harmanyna azyklyk dänäniň 350 müň tonnasyny tabşyrdylar.
Gündogar welaýatyň gallaçylarynyň bu üstünligi daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri barada edýän gündelik aladasyna jogap bermäge çalyşmagynyň netijesi bolup durýar. Oba hojalygynda, obany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler daýhanyň tutuş kalby bilen ene topraga wepaly bolup, bereketli hasyl alyp, öz zähmetiniň we gülläp ösýän durmuşynyň miwelerine guwanyp bilmegi üçin oňa giň ýol açdy.
Lebabyň oba zähmetkeşleri ekerançylygyň ýokary netijeliligini gazanyp, galla ýygnap almakda gazanan uly üstünlikleri bilen eziz Watanymyzy guwandyrdylar. Geçen ýylyň güýzünde 157 müň gektara golaý meýdana güýzlük däne ekmek bilen olar bereketli hasyl ösdürip ýetişdirmegiň, onuň oragyny guramaçylykly geçirmegiň hötdesinden abraý bilen geldiler.
Galla oragynyň gyzgalaňly döwründe dünýä belli “CLAAS”, “John Deere”, “Case” kompaniýalarynyň däne orýan kombaýnlarynyň 309-sy gije-gündiziň dowamynda işledildi. Ýokary öndürijilikli tehnikalary tejribeli mehanizatorlar dolandyryp, abatlaýyş-mehaniki toparlar tehnikalara hyzmat edenlerinde sowatly we dessine hereket etdiler. Ähli kabul ediş nokatlarynda, ammarlarda we elewatorlarda gallany kabul etmek işi sazlaşykly ýola goýuldy. Sürüjiler hem netijeli zähmet çekip, dänäni meýdanlardan harmana ýitgisiz daşamagy üpjün etdiler.
Amyderýa jülgesinde galla oragy, esasan, tamamlandy. Gallaçylar meýdanda galan hasyly soňky dänesine çenli ýygnaýarlar. Şol bir wagtda welaýatyň ekerançylary ýerleri güýzlük däne ekmek üçin taýýarlaýarlar, gowaçanyň idegini güýçlendirýärler.