Welaýatyň bereketli topragynda diňe bir strategiki ekinler bolan gowaça we bugdaý ösdürilip ýetişdirilmän, eýsem göl ekinleriň, miweleriň we bakja ekinleriniň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Bu sebitiň toprak-howa şertleriniň oňaýly bolmagy we suw üpjünçilik ulgamynyň ösdürilmegi bu ýerde gymmat bahaly oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.
2016-njy ýylda ýurtda 760 müň gektar meýdana güýzlük bugdaý ekildi. Gallaçylar bu meýdandan 1 million 600 müň bugdaý almagy maksat edinýärler. Onuň köp bölegi – 450 müň tonnasy Ahal welaýatynyň bugdaý ekilen meýdanlaryndan Watan harmanyna gelip gowşar.
Welaýatyň çäklerinde oba hojalyk önümlerini saklamak we senagat taýdan özleşdirmek boýunça kärhanalaryň onlarçasy ýerleşendir. Soňky ýyllarda Ahalda döredilen oba senagat gurluşynyň derejesini göz öňüne getirmek üçin, olaryň irileriniň birnäçesini agzap geçmek ýeterlikdir. Bu, ilkinji nobatda, Altyn asyr etrabynda gurlan ýylda 40 müň tonna gowaça tohumyny gaýtadan işleýän ýöriteleşdirilen zawotdyr. Pagtany “ak altyn” diýip, ýönelige aýtmaýarlar. Bu türkmen ekerançylygynyň möhüm ikinji eksport ekinidir, şol bir wagtyň özünde hem ol ýurduň çalt depginler bilen ösýän dokma senagaty üçin çig maldyr. Pagta arassalaýjy kärhanalarda geljekki hasyl üçin iň gowy tohumlar saýlanyp alynar.
Miwäni gaýtadan işleýän önümçiligi uly möçberde önüm öndürýär. Olar hususy oba hojalyk ekin meýdanlaryna eýedirler. Olarda gök önümler we miweler ösdürilip ýetişdirilýär we olardan ekologiki taýdan arassa azyk önümler: pomidor goýaltmasy, jemler we şireli suwlar öndürilýär. Bu toplumlaryň öndürýän önümleri diňe bir türkmenistanlylaryň ulanýan azyk önümleri bolman, eýsem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň hem bir bölegine öwrüldi.
Gökdepe etrabynyň “Köpetdag” daýhan birleşiginiň we Baharly etrabynyň “Mürçe” daýhan birleşiginiň çäklerinde ýerleşýän kärhanalar nusga alarlykdyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Mürçede birbada kärhanalaryň ikisini – konserwirlenen gök önümleri we miwe önümlerini öndürýän, şeýle hem alkogolsyz içgileri we arassa agyz suwuny öndürýän zawody gurdular.
“Parasatly” hojalyk jemgyýetine degişli bolan täze kärhananyň kuwwatlylygy her günde pomidor goýaltmasynyň 20 tonnasyny, jemiň üç tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde sagatda arassa agyz suwunyň bäş müň çüýşesi we üç ýarym müň sany çüýşe alkogolsyz içgiler öndüriler. Bu kärhananyň zerurlyklary üçin “Mürçe” daýhan birleşiginde pomidor goýaltmasy üçin şu möwsümde 140 gektar meýdana pomidorlaryň golland görnüşleri ekildi, hususy ekin meýdanynyň ýüz gektaryna bolsa dürli miweli baglaryň nahallary we üzüm ekildi. Bu hojalygyň ýyladyşhanalaryndan bolsa her günde gök ekinler we gök ösümlikler terligi bilen Aşgabadyň söwda nokatlaryna iberilýär. Bu gök önümler türkmen paýtagtynyň azyk bazarlaryny doly derejeli gök önümler bilen baýlaşdyrýarlar.
Paýtagtyň we Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň gök önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin Ak bugdaý etrabynda her birinde 50 tonna ter gök önümleri öndürmäge mümkinçiligi bolan ýene-de täze ýyladyşhanalarynyň ikisi guruldy.
Ahal welaýatynda ösdürilip ýetişdirlýän miwedir iýmişleriň we gök önümleriň ýokary hillidigine Moskwada “Altyn güýz-2014” atly Bütinrussiýa oba senagatynyň sergisinde altyn medallaryň üçisine mynasyp bolmagy hem şaýatlyk edýär. Bu abraýly baýraklara türkmen OST hususy böleginiň wekilleri mynasyp boldular. Olaryň öndüren gök önümleri sebitiň mümkinçiliklerini mynasyp görkezmegi başardy. Hususan-da, mellek, bag we bakja ekinlerini görkezendigi üçin “Parasatly” daýhan birleşigi, almalaryň, armytlaryň, erikleriň, üzümiň, garalynyň we hurmanyň saýlama görnüşlerini görkezendigi üçin “Merdem” hususy kärhanasy we “Joş” we “Eçil” ekologiýa taýdan arassa tebigy şire suwlaryny öndürýändigi üçin “Parahat” hususy kärhanasy bellendi.
Şu ýylyň güýzünde “Parasatly” HJ üzümiň iň gowy görnüşleriniň biri bolan “Taýpy” görnüşinden bol hasyl almaga – umumy 30 tonna – hasyl almaga garaşýar. Bu ýönelige däldir. Bu sebitde üzüm ösdürip ýetişdirmegiň taryhy onlarça ýüz ýyllyklara uzap gidýär.
Ahally bakjaçylar garpyzlaryň, kädileriň we gawunlaryň gymmat bahaly görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Olaryň hatarynda Tejen sebitlerinde ösdürip ýetişdirilýän ýokary hilli tagamly “Waharman” gawunyny görkezmek bolar. Bu gaýtalanmajak tagamly bakja ekini ýerli seçgiçileriň uly işi bolup, bu “süýji gudraty” dünýä sowgat bermekleridir. Onuň hasyllylygy her gektardan 300 sentnere çenli ýetýär, birnäçe bakja ekinleri bolsa öz möçberleri boýunça uly ölçeglere ýetýär.
Iýmlik ösümlikler – ýorunja, mekgejöwen we arpa hem ekilýär. Ahal welaýatynyň uly önümçilik kuwwatlyklary we ep esli ekin meýdanlary guşçylygy we maldarçylygy ösdürmek üçin berildi. Sebitiň öri meýdanlarynda daýhan birleşikleriniň çopanlary Döwlet maldarçylyk birleşiginiň Ahal welaýat önümçilik birleşiginiň dowarlarynyň müňlerçesini we düýeleriniň müňden gowragyny bakýarlar
Maldarçylyk bu toprakda ýaşaýan adamlaryň durmuşyna gadymdan bäri ornaşypdyr. Arheologlar gadymy harabaçylyklardan bürünç eýýamyna degişli bolan eldekileşdirilen mallaryň süňklerini tapdylar. Häzirki wagtda bu pudak iri senagat desgalaryň gurulmagynyň hasabyna çalt depginler bilen ösdürilýär.
Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda ýakynda häzirki zaman kärhanalarynyň ikisi: ýylda 500 tonna eti öndürmäge niýetlenen ýaş gara mallary ösdürip ýetişdirilýän ferma we ýylda 2 müň tonna süýt we süýt önümlerini we 30 tonna et öndürýän maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Şunuň ýaly önümçilik gara mallaryň birnäçe ýüzüsini saklamaga mümkinçilik berýär, gerek bolan iýmlik ekinleri ekmek üçin 400 gektar hususy ekin meýdany bar hem-de azyklyk bazaryna birinji derejeli süýt önümleriniň ondan gowrak görnüşini çykarmaga mümkinçiligi bar. Baharly etrabynda ýylda her biri 100 tonna et önümlerini taýýarlamaga mümkinçiligi bolan iri maldarçylyk toplumlarynyň ikisi döredildi. Bu kärhanalaryň biri ýene-de her ýylda süýt önümleriniň 20 müň tonnasyny öndürer. Ahalyň maldarçylyk hojalyklaryna kömek hökmünde sebitde ýokumly goşundylar bilen baýlaşdyrylan tehnologiýaly kombinirlenen iýmleriň üç görnüşini öndürýän ýöriteleşdirilen kärhana ulanmaga berildi. Bu kärhana ýylda 30 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenendir.
Ahal welaýatynda täze tarp ýerler dolanyşyga berilýär. Şunuň bilen bir hatarda sebitiň suw üpjünçilik toplumy hem döwrebaplaşdyrylýar. Şeýlelik-de, ýakynda ulanmaga berilen täze suw hojalyk toplumy Altyn asyr we Kaka etraplarynda ýerleşýän 25 müň gektar meýdany suwaryş suwy üpjün edip bilýär. Golaý geljekde, Ahal welaýatynyň ajaýyp tebigy şertlerini ulanmak bilen, Ak bugdaý etrabynda Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň buýurmasy boýunça 10 gektar meýdany eýeleýän bezeg baglarynyň we gülleriň nahallaryny ösdürip ýetişdirmek üçin ýöriteleşdirilen ýyladyşhana gurular.
Ahal welaýatynyň ekerançylary oba hojalyk önümçiliginiň ýokary hil derejesine çykdylar. Olar diňe bir oba hojalyk önümleriniň gerek bolan möçberini öndürmän, eýsem ýurduň oba senagat toplumynyň häzirki zaman infrastrukturasyny döretmeklige hem işjeň gatnaşýarlar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan iri göwrümli özgertmeleri ykdysady işjeňlik üçin we sebitleriň güýçli depginlerde ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.