Ï Marynyň gallaçylarynyň hoş habary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Marynyň gallaçylarynyň hoş habary

view-icon 1028
Mary welaýatynda sebitiň gallaçylarynyň gazanan täze zähmet ýeňşiniň hormatyna uly baýramçylyk dabarasy boldy, olar eziz Watanymyzyň harmanyna ak bugdaýyň 380 müň tonnasyny tabşyrdylar.

Maryly gallaçylar azyklyk däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigi barada Türkmenistanyň Prezidentine habar bermek bilen, milli Liderimize ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça hemmetaraplaýyn aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, ekerançylara ýeňillikli nyrhlarda tehniki hyzmatlar edilýär, mineral dökünleri, ýokary hilli tohumlar hem-de oba hojalyk ekinlerine zyýan berijilere garşy himiki serişdeler berilýär. Döwletimiz dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden häzirki zaman tehnikany yzygiderli satyn alýar, tabşyrylan önümler üçin öz wagtynda hasaplaşyklary geçirýär. Bularyň ählisi şu ýylky galla oragynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam berdi.

Obasenagat toplumynyň işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň röwşen geljegi ugrunda alyp barýan köptaraplaýyn işinde uly üstünlikler arzuw edip, milli Liderimizi geljekde hem gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekip, oba hojalyk önümleriniň möçberlerini yzygiderli artdyrjakdyklaryna ynandyrdylar.

Mary welaýatynda 180 müň gektarda ak bugdaýyň bereketli hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Galla oragynyň gyzgalaňly döwründe bu ýerde dünýä belli “CLAAS”, “John Deere”, “Case”, “New Holland”, “Tucano 430” däne orýan kombaýnlarynyň 348-si işledildi.

Umuman, ýurdumyzyň galla meýdanlarynda orak möwsümi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Şu möwsümiň barşynda Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň ýygnan bereketli hasyly türkmen saçagynyň bolçulygyny we berekedini alamatlandyrýar.