Ï Ýurdumyzyň çakyr öndürijileriniň täze halkara baýraklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň çakyr öndürijileriniň täze halkara baýraklary

view-icon 9508
Türkmen çakyr öndürijileri “Ýalta. Altyn Grifon — 2016” halkara bäsleşiginiň baýraklaryna hem-de medallaryna mynasyp bolup, özleriniň ýokary ussatlyk derejesini nobatdaky gezek subut etdiler.

Bu bäsleşik Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň üzümçilik we çakyr önümleri boýunça Bütinrussiýa milli ylmy-barlag institutynyň binýadynda şu ýylyň 2-9-njy iýuly aralygynda geçirildi. Oňa ýedi ýurtdan 53 kärhananyň önümleriniň 200-den gowragy gatnaşdyryldy. Türkmenistan bu bäsleşige öz önümleriniň 8-sini gatnaşdyrdy we olaryň hemmesi ýokary baýraklara mynasyp boldy.

“Gran pri” kubogynyň ikisine we altyn medallaryň 6-syna mynasyp bolan türkmen çakyrlary Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň çakyr öndürýän kärhanalarynda öndürildi. Olar emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldular hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyny tassyk etdiler.

Abraýly halkara bäsleşiginde Aşgabat şäheriniň çakyr kärhanasynyň “Prezident” konýagy ýokary hil üçin “Gran pri” kubogy we önümiň bezegi üçin ýörite diplom bilen sylaglandy. Ikinji kuboga we bezeg üçin berilýän diploma Gökdepäniň çakyr kärhanasynyň “Ýasmansalyk” ak çakyry mynasyp boldy.

Şeýle hem “Köpetdag” çakyry altyn medala we bezegi üçin diploma, “Şanly Diýar” çakyry bolsa, altyn medala mynasyp boldy. Olaryň ikisi hem Abadan çakyr kärhanasynyň önümleridir. Aşgabadyň çakyr kärhanasynyň “Galkan” aragy hem-de “Türkmen” balzamy, Gökdepäniň çakyr kärhanasynyň “Gara üzüm” gyzyl çakyry we “Türkmenistan” likýory altyn medallara mynasyp boldular. Umuman, bäsleşige ýurdumyzyň ýedi çakyr kärhanasyndan öňdebaryjy üçüsi gatnaşdy.

Türkmenistan “Ýalta.Altyn Grifon” bäsleşiginde, şeýle hem Moskwada, Sankt-Peterburgda, Fransiýada geçirilýän şeýle bäsleşiklerde ýeňijileriň hatarynda bolýar.


Türkmen çakyr öndürijileriniň gazanýan köp sanly ýeňişleri diňe bir ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň ussatlygynyň netijesi bolman, eýsem, türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän üzümleriň ýokary hiliniň nobatdaky subutnamasydyr. Tebigy çig malyň türkmen çakyrlarynyň ýokary derejeli tagama eýe bolmagynda we abraýly orunlary eýelemeginde möhüm ähmiýeti bardyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň çakyr önümleriniň gazanýan üstünliklerinde ekerançylary mynasyp paýynyň bardygyny bellemeli.

“Prezident” konýagy üzümiň “Terbaş” we “Gara üzüm” görnüşlerinden nusgawy usul arkaly taýýarlanylýar. Bu üzümler sekiz ýyllyk saklanyş möhleti bolan içgilere ýumşak tagam we altynsow öwüşgin berýär. Ýurdumyzda öndürilýän çakyrlaryň görnüşi giňeldilýär. Ýokary süýjüligi bilen tapawutlanýan üzümler desert we ýarymsüýji çakyrlary taýýarlamakda ulanylýar. Talh çakyrlaryň önümçiliginde bolsa, türkmen topragynda ösdürilýän “Rkaseteli”, “Saperawi”, “Kaberne”, “Baýan şireý” ýaly üzüm görnüşleri ulanylýar. Şu ýyl hem üzümiň bol hasylyna garaşylýar. Bu bolsa çakyr öndürijileri özboluşly önüm öndürmäge bolan täze gözleglere ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem bu ýylky möwsümde önümçilige ornaşdyrylýan çakyrlaryň görnüşi artar.

Üzüm gaýtadan işleýän kärhanalara göni meýdanlardan getirilýär. Olar ilkinji gaýtadan işleýiş usulyndan soň çakyr önümçiligine gönükdirilýär. Şeýlelikde, türkmen çakyrlarynyň Ýalta şäherinde geçirilen bäsleşiginde gazanan üstünliginiň esasynda türkmen çakyr öndürijileriniň köpýyllyk tejribesi, häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň artykmaçlygyny tassyklaýan döwrebap önümçiligi bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudagy sazlaşykly ösýär, onda öndürilýän önümleriň görnüşleri artdyrylýar we hili ýokarlandyrylýar. Döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawy, ýurdumyzyň üzümdarlarynyň yhlasly zähmeti we çakyr öndürijileriň ussatlygy birigip, türkmen çakyrlarynyň halkara bäsleşiklerdäki hem-de sergilerindäki köp sanly ýeňişlerini üpjün edýär. Munuň özi Türkmenistanyň ýokary hilli çakyr önümlerini öndürmekde öňdebaryjy ýurt hökmündäki derejesini tassyklaýar.

Daşary ýurtlardan türkmen çakyrlarynyň iberilmegine bolan köp sanly sargytlar gelip gowuşýar. Şunuň bilen baglylykda, çakyr önümleriniň bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýalta bäsleşiginiň emin agzalary türkmen çakyrlarynyň şu aýratynlygyna ýokary baha berdiler. Şunda daşarky bazarlaryň isleglerini we abraýly halkara bilermenleriniň türkmen çakyrlarynyň ýokary hili baradaky bahalaryny nazara alanyňda, çakyr önümçiligi pudagynyň uly geljeginiň bardygyny bellemeli.

Ýurdumyzyň çakyr kärhanalarynyň hünärmenleri önümleriň taýýarlanyş usulyny döwrebaplaşdyrýarlar. Şunda dermanlyk ösümliklere aýratyn üns berilýär. Ýeri gelende aýtsak, gadymy lukmançylykda anyk kesgitlenen möçberi bolan çakyrlara bejerijilik ähmiýeti we beýleki oňyn ähmiýeti bolan saglyk içgisi hökmünde garalypdyr.

Häzirki döwürde halk lukmançylygynyň tejribesi we ýerli ösümlikleriň bejerijilik ukyby hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy işinde öz beýanyny tapýar. Şeýle hem dermanlyk ösümlikler balzam önümçiliginde ulanylýar. Hususan-da, hünärmenleriň işläp taýýarlan “Türkmen” balzamynyň düzüminde ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň 17 görnüşi bar. Şeýle hem ýandak, narpyz ýaly ösümlikler başga-da birnäçe içgileriň önümçiliginde peýdalanylýar.

Çogly güneşiň astynda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän özboluşly we ýokary derejeli tagamy bolan üzüm çakyr önümçiliginiň esasyny düzýär. Şunda köpýyllyk konýaklaryň örän baý we kämil tagamy bardyr. Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabyndaky çakyr kärhanasynda dub çeleklerinde açyk asmanyň astynda saklanylmagy bu içginiň ýokary derejä eýe bolmagynyň baş şertidir.

Azyk senagaty döwlet birleşiginde çakyr önümçiligi diňe bir ugur bolup girýär. Birleşigiň kärhanalarynda dürli önümleriň ýüzlerçe görnüşi öndürilýär. Önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy netijesinde et-süýt önümleriniň möçberleri we görnüşleri hem ýyl-ýyldan artýar.

2014-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda şöhlat önümleriniň 17, süýt önümleriniň 22 görnüşini öndürýän maldarçylyk toplumy açyldy. Bu ýerde peýnirleriň we ozal ýurdumyzda öndürilmeýän miwe ýogurtlarynyň birnäçe görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu ugurdaky işler dowam edýär. Önümçilige täze tehnologiýalar we ýerli işläp taýýarlamalar ornaşdyrylýar.

Ýurdumyzyň azyk senagatynyň önümçiliginiň, onuň tehnologik ulgamlarynyň doly awtomatlaşdyrylmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň işjeňleşmegini şertlendirýär. Birleşigiň düzümine degişli kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy bilen olaryň kuwwatlylygy ýokarlandy, önümleriň görnüşleri artdy hem-de alyjylar üçin oňaýly gaplanýan önümçilik giňeldildi.

Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek bu pudagyň işiniň möhüm ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça adamlaryň saglygyny goramakda, aýratyn-da, ýurdumyzyň howa şertleri nazara alnyp, bu iş möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň düzümine ýokary hilli agyz suwuny öndürýän kärhanalaryň bäşisi girýär. Şeýle kärhanalar Daşoguz, Lebap we Balkan welaýatlarynda hereket edýär. Aşgabatda bolsa olaryň ikisi bar. Balkan welaýatyndaky agyz suw kärhanasy her ýylda 30 million litr agyz suwuny gaplaýar. Şeýle kärhanalarda köp gatly süzgüçleriň iň täze tehnologiýasy ulanylýar.

“Arçabil” nyşanly we “Çeşme” kärhanasynyň önümleri sarp edijileriň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Ýurdumyzyň hünärmenleri Türkmenistanda öndürilýän agyz suwunyň beýleki ýurtlarda öndürilen görnüşinden hili boýunça ýokarydygyny tassyklaýarlar. Munuň özi ýurdumyzyň önümçiliginde ulanylýan hil derejeleriniň dünýäniň birnäçe görkezijilerinden ýokarydygy bilen düşündirilýär.

Mundan başga-da, goşundy hökmünde ýerli çig maly, şol sanda buýan köküni, ýandagy we beýleki dermanlyk ösümlikleri ulanmak arkaly taýýarlanylýan alkogolsyz içgileriň önümçiligi durnukly ýokarlanýar. Özüniň ekin meýdany bolan “Ruhubelent” kärhanasy şerbet suwlaryny öndürmekde öňdebaryjy hasaplanýar. Bu ýerde pomidor, alma, şetdaly, nar suwlary öndürilýär.

Döwlet birleşiginiň kärhanalary her möwsümde şerbet suwlarynyň, tagamly içgileriň görnüşlerini artdyrýar. Şunda önüm öndürijiler öňden gelýän ýörelgeler bilen täzeçil usullary utgaşdyryp, sarp edijilere täze önümleriň birnäçe görnüşlerini hödürleýärler. Ekologiýa taýdan arassa, saglyk üçin peýdaly önümlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň daşary ýurtdan getirilýän önümler bilen mynasyp bäsleşmäge, içerki bazary sowuk içgiler bilen üpjün etmäge, şeýle hem daşarky buýrujylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň her bir sebitinde iri obasenagat zolaklarynyň döredilmegine, täze, döwrüň talabyna laýyk gelýän degirmenleriň, maldarçylyk toplumlarynyň, ýyladyşhanalaryň, çörek-bulka, unaş, et we süýt önümleriniň, ösümlik ýagynyň, peýnirleriň, şöhlatlaryň köp görnüşlerini taýýarlaýan kärhanalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň täzeçil, döwrebaplaşdyrylan, ýokary tehnologiýaly binýatlyk toplumynyň döredilmegi, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply, köp görnüşli we ýokary hilli önümleriň öndürilmegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň azyk senagaty toplumynyň işgärleriniň öňünde goýýan möhüm wezipeleridir.