Ï Miwe-gök önümlerini ýygnamak-taýýarlamak işleri işjeň tapgyra gadam basdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Miwe-gök önümlerini ýygnamak-taýýarlamak işleri işjeň tapgyra gadam basdy

view-icon 1289
Şu günler Türkmenistanda açyk meýdana ekilen gök önümleri ýygnamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Olar pomidor we hyýar, irki kelem, ýer almasy, badamjan, bolgar burjy we düýp sogan ýaly gök önümlerdir. Şonuň bilen bir hatarda güýzlik bugdaýdan we ot-iýmlik otlardan boşan ýerlere ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda giçki gök önümler ekilýär.

Günorta we demirgazyk sebitleri üçin ösdürilip ýetişdirilen pomidorlaryň we hyýarlaryň şitilleri aprel aýynda açyk meýdana ekilýär, “güýzkisi” bolsa – awgust aýynda ekilýär. Irki kelemi mart aýynda ekip, iýun-iýul aýlarynda ýygnaýarlar, tomus paslynyň ortalarynda ekilenleri – oktýabr aýynda ýygnaýarlar. Bu ýer almasy babatda hem şeýledir – irkini awgusta çenli ýygnaýarlar, güýzkini bolsa – ilkinji aýazly günlere çenli ýygnap alýarlar. Taýýarlaýyş tapgyry dekabr aýynda tamamlanýar. Iýul aýynyň ikinji ýarymynda bişip başlaýan üzümi ýygnamak işleri güýz paslynyň giçki günlerine çenli dowam edýär. Sowuga çydamly gant şugundyryny bolsa – ilkinji sowuk günlerinde ýygnaýarlar.


Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň düzüm bolümlerinde döwlet buýurmasyna laýyklykda kärendeçiler-ekerançylar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen gök önümleri kabul etmek işleri dowam edýär. Döwlet buýurmasynyň möçberi Döwlet baştutanynyň ýurtda Oba hojalyk önümlerini öndürmek hakyndaky Kararynda beýan edilýär. Ýokumly gök önümleriň önümçiliginiň görkezijileri ýurduň azyk bazarlarynyň sarp edişlerine laýyklykda meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi daýhan birleşikleri we hususy hojalyklar bilen şertnama baglaşýar. Miwe-gök ekin önümlerini gaýtadan işlemek bilen birleşigiň düzüm bölekleri meşgullanýar. Olaryň önümçilik binýatlarynda her ýylda gök önümleriň, şeýle hem miwedir ir-iýmişleriň tonnalary gaýtadan işlenilýär. Sazlaşykly ulgam her bir welaýatda işleýär. Olarda “Miwe” obasenagatbirleşigi döwlet birleşigi hökmünde çykyş edýär. Bu işleri çaltlandyrmaga we “önümçilik-saklamak-gaýtadan işlemek-ýerlemek” zaýasyz tapgyryny emele getirmäge mümkinçilik berýär.


Döwlet birleşigi ýeterlik derejede önümçilik kuwwatlyklaryna eýe bolmak we içerki bazarlary ýurtda öndürilýän gök-miwe önümleriniň ter we konserwirlenen görnüşleri bilen üpjün etmek bilen, ýurduň azyk garaşsyzlygyna eýe bolmagyna mynasyp goşant goşýar. Marketing gözleglerini öz içine alýan toplumlaýyn işleriň geçirilmegi netijesinde ýurduň bazarlarynyň tekjelerinde alyjylaryň isleg bildirýän we ýerli ekologiki taýdan arassa önümlerinden taýýarlanan pomidor goýaltmasynyň, ketçuplaryň, miwe şireleriniň, jemleriň, mürepbeleriň, miwe içgileriniň, agzy ýapylan gök önümleriň, işdäaçarlaryň köp görnüşleri bilen üpjün edilýär. Çig mallaryň ählisi mikrobiologiki we himiki howpsuzlyk babatda testleşdirilýär. Önümleriň ýokary tehnologiýaly önümçilik tapgyry we ekologiki taýdan gaplanmagy bolsa olaryň düzüminde ýokumly we peýdaly maddalary saklamaga mümkinçilik berýär. Azyk senagatynyň işgärleri alyjylaryň bildirýän uly isleglerini hil standartlarynyň ählisine laýyk gelýän täze önümleriň öndürilýändigi bilen düşündirýärler.


Ýurduň oba hojalyk önümleri gen-modifisirlenen tehnolgiýalar esasynda ösdürilip ýetişdirlmän, eýsem sagdyn toprakda we daşky gurşawyň ekologiki raýdan arassa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Döwlet kanunçylygy ilatyň saglygyny we milli gök bazarlary şunuň ýaly ýokary derejede goraýar. Aljyjylar hem ýerli önüm öndürijiler tarapyndan sagdyn agromelioratw şertlerde ösdürilip ýetişdirlen gök we bakja ekin önümlerine uly gyzyklanma bildirýärler. Gök we miwe önümleri ýurduň bazarlarynyň ählisiniň barlaghanalarynyň häzirki zaman barlag enjamlary bilen üpjün edilen enjamlarynda barlanandan soňra söwda nokadyna düşýär.