Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Lýuksemburgdan, Eýrandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “B” kysymly (“Türkmenhimiýa” DK) karbamidi satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna boýalan tüýjümek önümler, nah ýüplük, pagta-süýümi, süýümlilýuk satyn alyndy. Satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million 86 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Niderlandlardan, Türkiýeden we Pakistandan gelen täjirler jemi bahasy 6 million 824 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler jemi 1 million 764 müň manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.