Ï Owadandepede iri senagat kärhanasy – tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürýän zawod gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Owadandepede iri senagat kärhanasy – tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürýän zawod gurulýar

view-icon 1101
Aşgabatdan 30 kilometr uzaklykda ýerleşýän Owadandepede gazy gaýtadan işleýän iri kärhana gurulýar. Dünýäniň önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary, we Daniýanyň “Haldor Topsоe” kompaniýasynyň tehnologiýasy bilen üpjün edilýän bu kärhana her ýylda 1 milliard 785 million kubmetr tebigy gazy gaýtadan işlär we Euro-5 ýokary ekologiki talaplarynyň standartlaryna laýyk gelýän RON-92 ýokary hilli benziniň 600 müň tonnasyny öndürer. Şol bir wagtyň özünde hem ol Ahal welaýatynda 1000 sany iş orunlary bilen üpjün eder.

“Türkmengaz” DK bilen “Kawasaki HeavyIndustries, Ltd.” (Ýaponiýa) we “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Tiçaret Anonim Şirketi»ş” (Türkiýe) Kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda benzin öndürýän zawody gurmak barada şertnama geçen ýyl gol çekildi. Taslamanyň umumy bahasy ABŞ-niň 1 milliard 700 dollary bolup, ol ýapon tarapynyň maýa goýumlarynyň we “Türkmengaz” Döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.

Taslama gatnaşýan kompaniýalaryň ählisi gaz senagatynda, gurluşygynda, gaýtadan işlemekde segmentleriň öňdebaryjylary bolup durýarlar we diňe iň täze, tehniki işläp taýýarlamalary ulanýarlar. Konsorsium zawodyň tehnologiki bölümleriniň taslama işlerini, zerur bolan tehnologiki we kömekçi enjamlary satyn almak işlerini alyp barýar, buýrujy – “Türkmengaz” DK esasy hünärmenleri bolsa ýörite okuwlary we treningleri geçýärler. Ýapon hünärmenleri tarapyndan gazy suwuk ýangyja öwürmek baradaky teklip edilýän tehnologiki iş tehnologiki enjamlaryň giden bir zynjyrynyň gurluşygyny: ilkinji nobatda tebigy gazy berk arassalaýan, sintez gazy, metalony almak we diňe şondan soňra bu – benzini alýan we arassalaýan enjamy oturtmagy göz öňünde tutýar.

Bu günki gün taslama resminamalaryny taslamak we öndürmek boýunça işleriň 60 göterimden hem gowragy ýerine ýetirildi, tehnologiki we kömekçi enjamlary we materiallary ýüklemek we eltmek işleri ýola goýuldy.

Baş potratçynyň we buýrujynyň işlerini utgaşdyrmak, şeýle hem gurluşyk işlerine gözegçilik etmek üçin “Türkmengaz” Döwlet konserniniň ýanynda gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy boýunça Müdirlik döredildi. Müdirligiň maglumatlaryna görä gurluşyk-gurnama işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Häzirki wagtda gurluşykda Türkmenistandan iki müň töweregi gurluşykçylary we 270 töweregi hem – daşary ýurtly hünärmenler işleýär. Bu ajaýyp önümçiligiň gurluşygyň potratçylarynyň biri – “Ronesans” türk kompaniýasy ýüz gektar töweregi meýdanda bu geljekki ajaýyp kärhananyň administratiw jaýynyň beton binýadyny tutýar, enjamlaryň oturdyljak ýerleriniň düýbüni turýar, inženerçilik estakadalarynyň, gradirnýalarynyň we beýleki desgalarynyň konstruksiýalaryny gurnaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Ýurdy 2030-njy ýyla çenli senagat taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda täze, iň häzirki zaman gazy we nebiti gaýtadan işleýän önümçilikleriň birnäçesini gurmak bellenilýär. Şular ýaly önümçilikleri döretmek ýurdy mundan beýläk hem ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy alamatlarynyň biri, uglewodorod serişdelerini ýerlemek bazarlaryny giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmek bolup durýar. Bu günki gün tebigy gazy benzine öwürmek babatda iň iri taslama bolmak bilen, bu gurluşygy alnyp barylýan kärhana ýurduň ykdysadyýetine uly möçberde goşant goşar.