Ï “Aşgabatçörek” Önümçilik birleşiginiň işgärleri täze önümi öndürmäge girişdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Aşgabatçörek” Önümçilik birleşiginiň işgärleri täze önümi öndürmäge girişdiler

view-icon 1349
Bu günki gün paýtagtyň ýöriteleşdirilen dükanlary we supermarketleri alyjylara çörek we süýji-köke önümleriniň giň görnüşlerini hödürleýärler. Olary ýokary hilliligi, daşky görnüşleriniň gelşikliligi, örän tagamlylygy we ýakymly ysy tapawutlandyrýar. Şu baýramçylyk günlerinde bu uly isleg bildirilýän önümleri beýleki önüm öndürijiler bilen bir hatarda “Aşgabatçörek” çörek we süýji-köke Önümçilik birleşiginiň işgärleri hödürleýärler.

Galla baýramynyň öňüsyrasynda bu ýerde täze önüm öndürmäge girişildi. Birleşigiň bölümlerinde “Berkarar” we “Toýly” çörekleri bişirilip başlandy. Olary diňe bir ÖB dükanlarynyň ikisinden satyn alyp bolman, eýsem kombinatyň ýanynda açylan “Sümmül” kafesinde hem dadyp görmek bolar.


Çörek – dürli halklarda dürli-dürli – baget, karawaý, lawaş, pita... ýaly atlandyrylýan gadymy önümdir. Çörek hem hemmelere mälim bolup, çöregiň aýratyn görnüşidir. Ol Orta Aziýanyň we Kawkazyň halklarynyň arasynda giňden ýaýrandyr, ýöne türkmen çöregi – ol aýratyn bolup, onuň tagamyny başga bir zadyň tagamy bilen çalşyp bilmersiň. Türkmenistan gadymdan bäri ak bugdaýyň watany hökmünde meşhurdyr. Biziň ata-babalarymyz ondan süýji tagamly çörek bişiripdirler.

Biziň günlerimizde hem, şöhratly däp-dessurlary dowam etdirmek bilen, birleşikde ýurtda öndürilýän bugdaýlardan dürli görnüşleri önümler öndürýärler. Häzirki wagtda ähli kärhanalarda, şeýle hem “Aşgabatçörek” ÖB dükanlarynyň köpüsiniň ýanynda tamdyr bölümleri işleýär. Olarda ýaňy bişen gyzgyn we örän tagamly çörekler halka hödürlenýär.

Biziň döwrümizde, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen, birleşikde ilatdan çörekleriň we çörek önümleriniň islendik görnüşlerini taýýarlamaga buýurmalar kabul edilýär. Meselem, toý saçagyna, dabaralara, täze jaýa göçülip barlanda we gezelençlere gidilende, beýleki ýatdan çykmajak dabaraly wakalar üçin buýurmalar kabul edilýär.


Çörek bişirmek hünäri iň bir hormat goýulýan kär, çörek bişirijiniň zähmetine hemişe uly hormat goýlupdyr. Olaryň arasynda, öz işine jogapkärçilikli çemeleşýänler işgärleriň arasynda uly sylaga we hormata mynasyp bolanlar – birleşigiň iri bölümleriniň biri bolan çörek-we süýji-köke önümleri kombinatynyň işgärleridir. Olardan ussat çörek bişiriji Jennet Ballyýewany, çörek bölüminiň ussat çörek bişirijisi Gözel Hallyýewany we “Aşgabatçörek” ÖB kärhanalarynyň 16-nyň öz zähmeti bilen şöhrata eýe bolan köp sanly zähmetdeşlerini görkezmek bolar.

ÖB işgärleri, çörek bişirmegiň gadymy we häzirki zaman usullaryny ulanmak bilen, önümiň hilini ýokarlandyrmagyň üstünde işleýärler. Munuň üçin önümler ýörite barlaghanada barlagdan geçirilýär. Onuň netijesinde bolsa çörek önümleri öz tagamyny uzak wagtlap ýitirmeýär we durnukly islegden peýdalanýar. Aşgabatly çörek bişirijiler täze işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrýarlar, çörek önümleriniň görnüşlerini köpeldýärler we täzeläp durýarlar hem-de diňe alyjylaryň isleglerine laýyklykda çörek önümlerini öndürýärler. Ýakynda täze gaplaýjy liniýanyň işe girizilmegi netijesinde bolsa önümler täze görnüşe eýe boldular.


- Çörek gadymy döwürlerden bäri türkmen topragynyň jomartlygynyň we bereketliliginiň nyşany bolupdyr, türkmen halky oňa mukaddeslik hökmünde garaýar, - diýip, Çörek we süýji-köke önümleri ÖB ýolbaşçysy Arslan Akmyradow gürrüň berýär. – Baýramçylyk dabaralarynyň biri hem täze bişirilen çöreksiz, batonsyz, süýji çöreksiz geçmeýär. Biziň 100-den gowrak adamynyň zähmet çekýän bölümlerimizde bu tagamly önümleriň giň görnüşleri öndürilýär. Bir günde biz sarp edijilere takmynan 7-9 tonna çörek we bir tonnadan hem gowrak çörek önümlerini ugradýarys.

Azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek baradaky ugra eýerip, biz önümleriň hilini ýokarlandyrmagyň üstünde işleýäris, täze bişiriliş usullaryny işläp taýýarlaýarys, tehnologiki işleri kämilleşdirýäris, çörek bişirmegiň halk-däp-dessurlarynyň iň gowylaryny aýap saklamak bilen, önümleriň görnüşlerini köpeldýäris,