Strategiki turba geçirijisiniň gurluşygy ýurduň ÝET güýçleri bilen alnyp barylýar. Bu bolsa hünär ussatlygynyň we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň maddy-tehniki mümkinçiliginiň, onuň halkara derejeli iri taslamalary amala aşyrmaga ukybynyň bardygyna şaýatlyk edýär.
“Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň “Marynebitgazgurluşyk” edarasynyň gurluşyk-gurnama müdirliginiň toparlary TOPH türkmen böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmak üçin gaz geçirijiniň ugrunda turbalary kebşirlemek üçin üç tekjäni enjamlaşdyrdylar. Taslama-smeta resminamalaryna laýyklykda geljekki turbageçirijisiniň ugrunda ýetmiş metrli geçelgesini çekmek işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda onuň uzynlygy 23 müň metre bardy. Bu geçelgede uly diametrli turbanyň 7,5 müň pogon metri goýuldy we kebşirlendi. Taýýarlyk işlerinde ýörite tehnikalaryň we gurluşyk mehanizmleriniň kyrkdan gowragy ulanylýar. Bu tehnikalar bilen üpjün edilen baş potratçynyň bölümleri gurluşygy alnyp barylýan turba geçirijisini goýmak üçin garymlary taýýarlamak işlerini alyp barýarlar. Eýýäm 2,5 müň metrden gowrak ýer gazyldy. Onda iki müň metrden gowrak daşy saralan turbalar goýuldy.
“Türkmengaz” Döwlet konserniniň inžiner we gurluşyk Müdirliginiň hünärmenleri energetiki taslamasynyň amala aşyrylmagyna işjeň goşulyşdylar. Olar geljekki magistral gaz geçirijisiniň iki ýüz kilometr ýolunda inžener-gözleg işleriniň toplumyny tamamladylar. Geljekki magistral gaz geçirijisiniň kyrk kilometrlik gurluşygynyň resminamalary potratçy guramalara berilýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça gurluşykçylar 200 kilometrden gowrak turbany çekmek işlerini dowam etdirerler, trassanyň ugrunda kompressor beketlerini gurarlar, ugurdaş desgalary, hususan-da, suw desgalaryny we inžener torlaryny gurarlar, barýan ýoly çekerler, dispetçer nokatlaryny gurarlar, trassany elektrik üpjünçiligi bilen üpjün ederler. Gurluşykçylardan gurluşyk-gurnama işleriniň ählisini wagtynda ýerine ýetirmek, “mawy ýangyjyň” akymyny dolandyrmak we gözegçilikde saklamak, ösen infrastrukturany döretmek üçin köp tagallalary talap edýär.
Türkmenistan tarapyndan döredilýän döwletara TOPH gazulag ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri hem tebigy gazy dünýä bazarlaryna eksport etmegiň diwersifikasiýasyny üpjün etmek bolup durýar. Golaý geljek on ýyllyga niýetlenen energetika maksatnamasynda aýratyn orun ýurtdaky uglewodorod serişdeleriniň bar bolan örän uly ätiýaçlyk gorlaryny toplumlaýyn özleşdirmäge berilýär. Bu serişdeleri iri gazeksport bazarlaryna çykarylmagynyň uzakmöhletleýin geljegini gurmaga we amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, täze transmilli energo magistralynyň gurluşygy iri ykdysady wezipelerden daşgary hem, möhüm durmuş we ynsanperwer meselelerini çözmäge, döwletiň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge, adamlaryň ýaşaýşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.