Ï Türkmenistanyň maldarçylyk pudagy hil taýdan ýokary derejä çykýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň maldarçylyk pudagy hil taýdan ýokary derejä çykýar

view-icon 5251
Mälim bolşy ýaly, ýylyň başynda oba hojalygyny bitewi alnyp barylmagyna täzeden garaldy. Hususan-da, maldarçylyk senagat, oba hojalyk mallaryny toplumlaryň mal ýataklarynda saklamagy göz öňünde tutýan senagat, goýundarçylyk we düýedarçylyk – öri meýdanlarynda bakylýan böleklere bölündi.

Şunuň bilen baglylykda maldarçylyk we guşçylyk hojalyklary Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň ygtyýaryna geçirildi. Bu sekiz sany maldarçylyk hojalyklaryndan – üçüsi Ahal welaýatynda, biri Mary welaýatynda, ikisi Lebap welaýatynda we ikisi Daşoguz welaýatyndaky hojalyklardan ybaratdyr, şeýle hem iki sany guşçulyk toplumy: Bereket etrabynda – kuwwatlylygy ýylda 8 million sany ýumurtga berýän, we Baýramalyda – ýumurtga we et ugurly, taslama kuwwatlylygy her ýylda 1 müň tonna broýler towugynyň etini we 8 mln sany ýumurtga öndürýän toplum bar. Uly göwrümli maldarçylyk hojalyklary – jemi 39 hojalyk – Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň ygtyýaryna berildi. Bu hojalyklary ýerlerde ministrligiň düzümine girýän welaýat merkezleri – oba hojalyk önümçilik birleşikleri dolandyrýar.


Häzirki wagtda ýurtda bir wagtyň özünde gara mallary köpeltmek boýunça iri häzirki zaman maldarçylyk toplumlarynyň birnäçesi gurulýar. Bu bolsa sarp edijileri et-süýt önümleri bilen üpjün etmek meselesini çözmäge, şeýle hem eti we süýdi eksport etmäge mümkinçilik berer. Bu toplumlar saýlama tohumly ýokary hilli tohumly oba hojalyk mallaryny saklamak üçin öňdebaryjy enjamlar üpjün ediler.

Oba hojalygynyň möhüm ugry bolan maldarçylygy ösdürmek, onuň infrastrukturasyny emele getirmek boýunça işler Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde alnyp barylýar. Olaryň wezipesi – biziň epizootiki we howa şertlerimizde synagdan geçen zootehnikada häzirki zaman tehnologiýalary we ýokary hilli weterinar preparatlaryny ulanmak bilen, ylmy esasda maldarçylygyň ösdürilmegine şertleri döretmekden, şeýle hem maslahat beriji kömegi bermekden ybaratdyr


Häzirki wagtda TYA Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň alymlary 2016-2020-ji ýyllar döwri üçin meýilnamany ýerine ýetirmäge girişdiler. Ony esasy üç sany ylmy ugurlara – azyk bolçulygyny döretmek, mallary kesellerden goramak we weterinariýa serişdelerini, sanjymlary işläp taýýarlamak, şeýle hem “Altyn asyr” türkmen kölüniň zolagynda dowardarçylygy we düýedarçylygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek ýaly ugurlara bölüp bolar. Hususan-da, Türkmenistanyň şertlerinde gymmat bahaly oba hojalyk mallaryny we öý guşlaryny ösdürip ýetişdirmek, olaryň baş sanyny köpeltmek we tebigy şertlerini ýokarlandyrmak boýunça ylmy teklipnamalar düzüler.

Geçen ýylda kabul edilen “Tohumçylyk hojalyklary hakynda” we “Öri meýdanlary hakynda” kanunlar OHT toplumlaýyn ösgerdilmegini kämilleşdirýär. Bu Kanunlaryň işlenilip taýýarlanylmagyna milli bilermenler, şol sanda institutyň alymlary hem işjeň gatnaşdylar. Bu kanunlar hojalygy alyp barmagyň täze tapgyrynda gara we ownuk mallary ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýär, şeýle hem öri meýdan serişdelerini netijeli dolandyrmagy, geljekde maldarçylygy ösdürmegiň hukuk esaslaryny reglamentleşdirýär.


Maldarçylygy kanuny taýdan goldamagyň möhümdigi mese-mälim görünýär: önüm öndüriji eti we süýdi öndürmek üçin mallaryň tohumlyk baş sanyny ösdürip ýetişdirmäge, seçgi işlerine we naýbaşy tohumly mallary saklamagyň ähli şertlerini döretmäge, iýmlik rasion bilen üpjün etmäge, dowardarçylyk babatda bolsa – mallary bakmak üçin bar bolan öri meýdanlaryny netijeli peýdalanmaga üns bermelidir. Häzirki wagtda maldarçylyk önümleriniň önümçilik ulgamynyň hukuk esaslaryny sazlaşdyrmagy üpjün edýän ugurlaryny düzgünleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Döwlet ýurduň maldarçylyk ylymlarynyň emele gelmegi barada ýakyndan alada edýär, guşçulykda tejribe ähmiýetli ugurlarynyň emele gelmegini höweslendirýär, telekeçilere – maldarçylyk önümlerini öndürijilere guramaçylyk we maliýe kömegini berýär. Bu hususy maldarcylyk hojalyklaryny ösdürmäge kuwwatly itergi berdi. Ukyply oba hojalyk önümlerini öndürijiler ýurtda gurulýan maldarçylyk toplumlarynyň köp bölegi düşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýarlar.

Öňki oba hojalyk möwsüminde döwlet oba hojalyk mallarynyň we öý guşlarynyň baş sanynyň, maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artýandygy duýuldy. Şu ýylda döwlet böleginiň maldarlary iş depginlerini barha artdyrýarlar: dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi üstünlikli geçirildi, ot-iým taýýarlamagyň möwsümleýin işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar.