Ï Türkmenistanda suwuklandyrylan gazyň öndürilişi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda suwuklandyrylan gazyň öndürilişi artýar

view-icon 1146
Suwuklandyrylan gaz alynýan enjamlarda (propan-butanly fraksiýa) Naýyp SGAE-nde we GAKAE-nde we Bagaja GAE-nde şu ýylyň ýedi aýynda 3,7 milliard kubmetr tebigy gaz gaýtadan işlenildi, munuň özi bellenilenindäkiden ýigrimi göterim golaý köpdür. 80,7 müň tonna suwuklandyrylan gaz alyndy. Ol meýilnamada bellenilendäkiden 47 göterim ýokarydyr. Daşary ýurtlara 76,7 müň tonna suwuklandyrylan gaz iberildi, bu hem meýilnamada bellenilendäkiden has köpdür.
«Gazygaýtadanişleýiş» müdirliginde ulanylaýn suwuklandyrylan gaz alýan enjamlar ýylyň dowamynda alty milliard kubmetrden-de köpräk tebigy gazy gaýtadan işlemäge ukyplydyr. Önümiň aglaba bölegi daşary ýurtlara ugradylýar.