Üzümiň iň köp möçberi Ahal welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde ýurduň üzüm meýdanlarynyň iň köp bölegi ýerleşýär. Welaýatda ösdürilip ýetişdirilýän üzümleriň görnüşlerinden naharhana, çakyr we kişmiş görnüşlerini görkezmek bolar. Lebap we Mary welaýatlarynda üzümiň tutýan meýdanlary Ahal welaýatyna garanyňda azyrak. Ýurduň demirgazyk sebtinde – Daşoguz welaýatynda - üzümçilik bilen has az meşgullanylyp, bu ýerde gowaça, şala we beýleki ekinlere has uly üns berilýär. Däp bolşy ýaly, awgust aýynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet azyk senagaty birleşiginiň barlaghanalarynda üzümiň bişişi, biohimiki görkezijileri, şeýle hem meşhur türkmen çakyrynyň ýokary hilli bolmagyna täsir edýän süýjüligi barlanylýar. Munuň üçin çakyr öndürýän kärhanalar öz wekillerini üzüm meýdanlaryna – kärendeçileriň ýanyna iberýärler. Üzümi gaýtadan işlemek Döwlet birleşiginiň welaýatlaryň dürli künjekleriniň ýerleşýän çakyr öndürýän kärhanalarynyň ýedisinde amala aşyrylýar. Olarda her ýylda 3 mln dekalitrden gowrak çakyr önümleri taýýarlanylýar, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda saklamak üçin niýetlenen täze konýak spirti öndürilip goýulýar. Üzümçiligi ösdürmek üçin türkmen çakyr öndürijileriniň ussatlygy we Türkmenistanyň oňaýly howa şertleri ýokary hilli çakyrlary we konýaklary öndürmek üçin oňat hilli çig maly ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl Ýaltada bolup geçen gözden geçirilişde “Türkmen” balzamynyň, “Prezident” konýagynyň, “Gara üzüm” gyzyl desert çakyrynyň, “Türkmenistan” likýorynyň baýraklara mynasyp bolmaklary hem muny nobatdaky gezek tassyklaýar. Üzümiň gadymy naharhana-tehniki görnüşleri bolan “Terbaş” we “Gara üzüm” üzümiň gadymy görnüşleri bolup durýarlar. Şeýle hem türkmen topragynda soňky ýüz ýyllygyň dowamynda üzüm hasylynyň dürli görnüşleri üstünlikli synagdan geçirildi. Bu bolsa Köpetdagyň eteklerinde üzümiň islendik görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge we ondan iň ýokary hilli önüm almaga mümkinçilik berdi. Türkmen üzümçileri bu günki gün üzümiň “Kaberne”, “Matrasa”, “Saperawi”, “Rkasiteli”, “Baýan-şireý”, “Gyzyl taýpy” we beýleki görnüşlerini üstünlikli ösdürilip ýetişdirýärler.Üzüm meýdanlary kärende ýerlerinde ýerleşýär we daýhan birleşikleriniň hünärmenleri tarapyndan idedilýär. Bilermenleriň baha bermeklerine görä, ýurtda ösdürilip ýetişdirilýän üzümleriň ýetmiş göterimi çakyr görnüşleri, 7 göterimi kişmiş-üzüm we 23 göterimi bolsa naharhana görnüşleri bolup durýar. Türkmenistanda üzümiň dürli görnüşleri köp mukdarda öndürilip, olaryň köp bölegi terligine bazarlarda ýerlenilýär. Üzümiň ir ýetişýän naharhana görnüşleri, şol sanda çigitsiz görnüşleri hem, tomsuň başynda ýetişýär we ýurduň “gök” bazarlarynda öňden bäri alyjylara hödürlenilýär. Tebigatyň bu eçilen miweleri giçki güýze çenli halka ýetirilýär, uzak durýan görnüşlerini bolsa gyş aýlarynda hem satyn almak bolýar. Üzümçilik - türkmen ekerançylygynyň gadymy görnüşleriniň biridir hem-de häzirki oba hojalyk önümçiliginde hem giňden meşhurdyr. Obalarda ýa-da islendik uly bolmadyk şäherleriň öýleriniň gapdalynda üzüm agajyny we onda bolup duran üzüm hoşalaryny görmek bolýar. Bereketli türkmen saçagyny olarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.