Ï Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 60-sy hasaba alyndy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 60-sy hasaba alyndy

view-icon 811
Ýurdumyzda öndürilen nebithimiýa önümleri - Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzin, binýatlyk ýag we polipropilen,Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjy, şeýle hem “B” kysymly karbamid we “A” kysymly tehniki ýod (“Türkmenhimiýa” DK)Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gonkongyň we Owganystanyň telekeçileriniň daşary ýurt walýutasynda amala aşyran geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga-da, Russiýa, Hytaý, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Owganystan, Gyrgyzystan döwletinden gelen işewürlere daşary ýurt walýutasyna awtoulag serişdeleri üçin ätiýaçlyk şaýlary, arassalanan pagta ýagy, azyklyk bugdaý, tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 48 million 622 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Niderlandlardan, Türkiýeden, Hindistandan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 8 million 978 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplük, saryja goýnuň ýüňüni, pagta soapstokynyň çig ýagly kislotasyny satyn aldylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler jemi 128 müň manatlykdan gowrak bahasy bolan gaty gurluşyk bitumyny satyn aldylar.