Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda (SNGIZ) ýedi aýda nebit çig malyndan 19 müň tonna golaý ýokary hilli ýola düşelýän bitum we 25 müň tonna golaý hem ýangyçlyç mazutyň komponenti bolan agyr we ýeňil wakuumly gazoýl öndürildi.
ABŞ-nyň Westport Trading Europe Limited kompaniýasynyň gurnan döwrebap enjamynyň işe girizilmegi bilen ýol gurluşygynda we olary abatlamakda ulanylýan berkidiji material bolan bitum öndürilip başlanyldy. Iň täze enjam Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, hilini gowulandyrmak, nebti we gaz kondensatyny gaýtadan işlemek işlerini çuňlaşdyrmak babatda öňde goýan wezipelerine laýyklykda amala aşyryldy.
Üç seksiýadan—mazutyň wakuumdan geçirilip gaýtadan işlenilmegi, gudronuň wisbrekingi we okislenme seksiýasynda, bitum birnäçe usulda alynýar. Ozaly bilen, düýp çig maly—mazuty çuňňur wakuumdan geçirip saplamak, gudronuň ýeňil termiki krekingi we bisbreking seksiýasynda bisbreking galyndysyny çuňňur wakuumdan geçirip saplamak arkaly, şeýle hem okislenme seksiýasynyň okislenen bitum almagyň hasabyna alynýar.
Täze önümçilik ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän çig malyň çykarylyşyny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Kärhnada her ýyl 37 müň tonnadan gowrak ýokary hilli ýol bitumy öndüriler.
Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda nebti deslapdan duzdan arassalaýan we ýylda 6 million nebti ikikenç işläp saplaýan kombinirlenen atmosfera-wakuum enjamy hereket edýär. Lebaply nebti gaýtadan işleýjiler harytlyk önüm almak üçin tebigy çig mal—nebit we gaz kondensatyny ulanýarlar.
Ýylyň başyndan bäri atmosfera-wakuum enjamynda 390 müň tonnadan gowrak çig mal-nebit we gaz kondensaty gaýtadan işlenildi, munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 55,5 müň tonna köpdir. Gaýtadan işlemegiň ýokary depginleriniň hasabyna önümiň esasy görnüşiniň-ýapyk enjamlarda azyklyk ýaglaryň ekstraksiýasy, ýokary oktanly benzin bilen kompaundirlenende motor ýagy hökmünde ulanylýan ekstrasion we göni işlenilip saplanylýan benzinleriň, şeýle hem çalt ýöreýän dizel we gazturbinaly motorlar üçin ýangyjyň çykarylyşy artdyryldy.