17-nji awgustda Türkmenistanda köpçülikleýin bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen bu oba hojalyk möwsümine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň gallaçylara iberen ak patasynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, bol hasyl almagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň Azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Daýhanlar ýokary hilli tohum, dökünleriň dürli görnüşleri, öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalary, ýeterlik mukdarda suw hem-de beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär.
Häzirki döwürde gallaçylaryň öňünde bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde, ýokary hilli we agrotehniki kadalara laýyk derejede geçirmek boýunça möhüm wezipe durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz täze hasylyň göwnejaý düýbüniň tutulmagy bilen, gallaçy-kärendeçileriň öňde durýan wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine ynam bildirdi.
“Goý, ýere atan her bir dänäňiz müň bolsun, edermen gallaçylar” diýip, milli Liderimiz belleýär.
Beýik Biribardan sahawatly we ak bugdaýyň bol hasylyny eçilmegini dileg edip, asylly däbe görä bugdaý ekişine il sylagly ýaşulular ak pata bererler. Kada laýyk derejede taýýarlanylan topraga “Her bir dänäň müň bolsun!” diýip, ilkinji däneleri taşlap, hormatly ýaşulular we körpe nesilleriň wekilleri asyly çäräni tamamlap, nobaty mehanizatorlara bererler.
Şu ýyl ýurdumyz boýunça 760 müň gektar ýere güýzlük bugdaý ekiler. Gallaçylar 2017-nji ýylda şunça meýdandan 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýärler. Şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň, Mary welaýatynda 380 müň, Lebap welaýatynda 350 müň, Daşoguz welaýatynda 300 müň we Balkan welaýatynda 120 müň tonna ak bugdaý ýygnalar.
Ýurdumyzyň gallaçylar möhüm möwsüme ýokary derejede taýýarlykly geldiler. Galla oragy tamamlanansoň, dessine ýerler şüdügärlendi, geljek ýylyň hasly üçin taýýarlanylan ýerler dökünler bilen iýmitlendirildi. Ýokary hasylly azyklyk bugdaýyň ýokary hilli tohumlary ekişe taýýar edildi. Şu ýyl ak bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Akbaş”, “Irişka”, “Ýubileýnaýa-100”, “Batko” we “Krupinka” ýaly görnüşleri ekiler.
Gallaçylar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edildi. TDH-a habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň merkezi pudaklaýyn edaralarynda, umuman, Türkmenistanda bu gezekki möwsümde “Keýs”, “Klaas”, “Žon Dir”, “Belarus-80N” we “Belarus-82.1” ýaly sürüm we tekizleýiş traktorlarynyň 7 müňden gowragy, şeýle hem ekiş gurallarynyň 1 müň 670-den gowragy we beýleki oba hojalyk enjamlary ulanylar. Şunlukda, ekiş möwsümini bellenilen möhletlerde geçirmek üçin ähli şertler üpjün edildi. Munuň özi geljekki bol hasylyň kepilidir.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen ykdysady syýasatynda oba hojalyk pudagyna möhüm orun degişli bolup durýar. Milli Liderimiziň başyny başlan özgertmeleriniň çäklerinde oba hojalyk pudagyna döwlet derejesinde goldaw berilýär. Şunlukda, pudagyň tehniki parkynyň üsti ýetirilýär, obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar, daýhanlary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ösdürilýär, suwaryş we suw üpjünçilik meseleleri çözülýär. Obasenagat toplumy üçin häzirkizaman traktorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalar satyn alynýar. “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda ähli welaýatlarda iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan elewatorlar guruldy. Olarda tohumlyk bugdaý taýýarlamak boýunça bölümler hereket edýär.
Şeýle hem oba hojalyk toplumynyň salgytdan we beýleki töleglerden boşadylandygyny bellemeli. Kärendeçilere, daýhan hojalyklaryna, ýer eýelerine, mehanizatorlara oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek, tehnika satyn almak üçin ýeňillikli şertlerde karz serişdeleri berilýär. Bugdaýyň döwlet tarapyndan satyn alnyş nyrhynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy oba zähmetkeşleriniň işe bolan höwesini artdyrýar.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň", “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnamanyň” we beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ähli sebitlerde türkmen obalarynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyndaky Bagtyýar zaman, Lebap welaýatyndaky Berkarar zaman we Mary welaýatyndaky Döwletli zaman obalarynyň açylyş dabaralarynyň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Azyklyk dänäniň eksport edilmegi Türkmenistanyň döwlet ösüşi nukdaý nazaryndan möhüm orun eýeleýändigini aňladýar. Şeýle hem geçen ýyl ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2015-nji ýyla çenli döwür üçin Azyk we oba hojalyk guramasynyň maksatnamasynda kesgitlenen müňýyllygyň ösüş Maksatlarynyň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýeten derejesi üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp bolandygyny bellemeli. Munuň özi ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilen çörek önümleri bilen doly kanagatlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň subutnamasydyr.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlamagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak buglaý etrabynyň “Magtymguly”, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Azatlyk”, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň “Gökçäge”, Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň “Babadaýhan”, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Aşgabat” daýhan birleşiklerinde ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlikleriniň, wekilleriniň, daýhan birleşikleriň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy-kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda seminar maslahatlar geçiriler. Hususan-da, ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ekişde agrotehnikanyň häzirkizaman usullaryny we öňdebaryjy tejribeleri ulanmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Seminar maslahatlaryň çäklerinde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň, şeýle hem oba hojalyk pudagynda bar bolan iň täze tehnikalaryň sergisini guramak meýilleşdirilýär. Güýzlük bugdaýa badalga berilmegi mynasybetli welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlary dürli öwüşginli konsert maksatnamasyny taýýarlarlar.