Ï Awgust aýynyň ahyrynda pagta hanalarynyň açylmagy bilen bu oba hojalyk ekinine ideg etmegiň ahyrky tapgyry tamamlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awgust aýynyň ahyrynda pagta hanalarynyň açylmagy bilen bu oba hojalyk ekinine ideg etmegiň ahyrky tapgyry tamamlanýar

view-icon 872
Gowaça hanalaryna yzgaryň we ýokumly maddalaryň barmagyny üpjün edýän we şeýlelik bilen ýokary hasyllylygyna öz täsirini ýetirýän pagtalary çyrpmak we soňky ösüş suwuny bermeklik işleri alnyp barylýar. Hasyly el bilen ýygmagyň taýýarlyk işleri ýakynlaýar. Gowaça hanalary haýallyk bilen bir ýarym aýyň dowamynda açylýarlar we pagtany ilkinji sowuklara çenli ýygmaklyk dowam edýär. Sowuk howada hem iň soňky hanalar açylmagyny dowam edýänligi sebäpli, pagta birnäçe tapgyrda ýygylýar.

Awgust aýy – iň jogapkär aýlaryň biri bolup durýar. Ekerançylaryň netijeli zähmetinden hanalarda döreýän pagta ýüplüginiň hili, uzynlygy we berkligi tapawutlanyp bilýär. Türkmenistanyň oba we suw hojalygy ministrligi hyzmat ediji pudak hökmünde ekerançylara wagtynda agrotehniki çäreleri durmuşa geçirmeklige ýardam berýär. Awgustyň ahyrynda badalga aljak pagta ýygym möwsüminiň netijeli geçmeginiň esasy kepili kärendeçileri zerur bolan zatlary we serişdeleri bilen wagtynda üpjün etmekden ybaratdyr.

Kärendeçi-ekerançylaryň aladalaryny mehanizatorlar hem bile çekişýärler. Gowaça ideginde ýuzlerçe kulteli traktorlar, pürkgüçler we başgada kömekçi tehnikalar ulanylýar. Zyýankeş mör – möjeklere garşy göreş bilen birlikde biologiki göreş usullary hem alnyp barylýar. Gowaça meýdanlary goramaklyk üçin ýurdumyzyň sebitlerinde peýdaly mör – möjekleri, ýagny entomofaglary ösdürip ýetişdirýän we köpeldýän biobarlaghanalary we biofabrikleri hereket edýär.

Awgustyň ahyrynda gowaça meýdanlarynda açylmadyk gozalar köp bolany üçin ýygymyň başynda el bilen ýygmak usuly ulanylýar. Bu köp zähmeti talap edýän iş bolsada, el bilen ýygylan pagtanyň hili ýokary bolup, bu çig malyň alynýan bahasy hem ýokary bolýar.

Sentýabryň birinji ongünliginde meýdanlaryna pagta ýygyjy kombaýnlar çykar. 2016-njy ýylyň gowça hasylyny kabul etmeklik üçin kabul ediş bölümler, gaýtadan işlemek üçin ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen onlarça kärhanalary, ýagny pagta arassalaýjy zawodlar we pagta egriji fabrikler doly taýýar ediler.

Türkmenistanyň şertlerinde orta süýmli gowaçanyň 16 sorty ekilýär. Şu ýyl türkmen ekerançylary 1 million 50 müň tonna pagta çig malyny Watan harmanyna tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar.