Ï «Dragon oýl (Türkmenistan) Ltd» kompaniýasy deňiz ýataklaryny işläp taýýarlamaga maýa goýumlaryny artdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Dragon oýl (Türkmenistan) Ltd» kompaniýasy deňiz ýataklaryny işläp taýýarlamaga maýa goýumlaryny artdyrýar

view-icon 912
Kompaniýa şu ýylyň birinji ýarymynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebitiň gazylyp alnyşyny 2 142 825 tonna çenli artdyrdy. Ýokary netijeler - öňde goýlan meseleleri yzygiderli ýerine ýetirmek üçin işleriň anyk meýilnamalaşdyrylmagynyň we serişdeleri netijeli bölmegiň netijesi bolup durýar. Biziň daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň “Çeleken” şertnamalaýyn çäklerde nebiti we gazy işläp taýýarlamagy we gazyp almagy öz öňünde tutýan Türkmenistan bilen önümi paýlaşmaka baradaky Ylalaşygy baglanyşanlaryna eýýäm 16 ýyl geçipdir.


Hyzmatdaşlyk ýyllary içinde kompaniýa tarapyndan hazar deňziniň kenaryny özleşdirmekde baý iş tejribesi toplandy. Häzirki günde biziň daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz deňiz ýataklaryny özleşdirmäge ABŞ-niň 5,45 mlrd dollaryny goýdular we maýa goýumynyň möçberini artdyrmagy dowam etdirýärler. Hazar deňziniň kenarynda Jygalybeg e Jeýtun ýataklarynda deňiz stasionar platformalarynyň üçisi guruldy. “Dragon oýl” kompaniýasy bu deňiz çäklerinde diňe bir täze guýularyň köp sanlysyny ulanman, eýsem köne guýularyň hem köp sanlysyny ulanýar. Olarda çaltlandyrylan nebit akymyny almak üçin yzygiderli işler geçirilýär. Şu ýyl deňiz ýataklarynda stasionar plarformalaryň sekizisiniň demirkonstruksiýalar bilen durky täzelendi we güýçlendirildi, daňylýan meýdançalaryň durkuny täzelemek boýunça işler geçirildi. Önümleri kenara daşamak ulgamyny gowulandyrmak maksady bilen, suwasty turbageçirijileriniň 6 çekmek boýunça işler ýerine ýetirilýär.


Kompaniýanyň hünärmenleri ýataklarda dürli görnüşdäki buraw gurallarynda buraw işlerini alyp barýarlar. Häzirki zaman enjamlarynyň ulanylmagy ýataklaryň özleşdirilişini ep esli çaltlandyrmaga we gazyp almagyň bellenen möçberini saklamaga şertleri döretdi. 2016-njy ýylyň birinji ýarymynyň dowamynda guýularyň dördüsi burawlandy, ýene-de guýularyň dördüsinde düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda gazyp almak işleri akymly suw sorujylary, elektromerkezden gaçyryş suw sorujylaryň, gazlift ulanyşy peýdalanmak bilen ýerine ýetirilýär. Suwy toplamak maksatnamasy Jeýtun ýatagynyň platformalarynyň birinde degişli enjam oturdylandan soňra 2013-nji ýylyň iýun aýynda göýberildi. Ýatagyň birnäçe böleklerinde birnäçe tapgyrda suwdan doldurmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şu ýyl we geljekki ýylda platformalaryň ýene-de ikisinde suwdan doldurmak boýunça gözleg maksatnamalary dowam etdiriler.


Kompaniýa birnäçe iri göwrümli we strategiki taýdan möhüm bolan desgalaryň birnäçesini öz içine alýan “Çeleken” şertnamalaýyn çäkleriniň kenar nebitgaz infrastrukturasyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirýär. Rezerwuarlaryň onusynyň gurluşygy alnyp barylýar, olaryň sekizisi nebiti saklamak we 2-si ýangyn howpsuzlygyna garşy göreşmek üçin suwa niýetlenendir. Bu rezerwuarlar önümleri saklaýan bar bolan rezerwuarlaryň altysynyň üstüne goşmaça gurlar. Bu işleri 2016-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bu taslama kompaniýanyň mundan beýläk hem ösmegi babatda uly ähmiýete eýedir. Eger-de häzir nebiti saklamagyň umumy kuwwaty 300 000 barrel bolsa, onda täze rezerwuarlar parky bilen ol 1800 000 barrele (200 000 tonna) ýetiriler.


“Alaja” nebit guýulýan desgasynda goşmaça nebit saklanýan we turba geçirijileriň gurluşygynyň hasabyna birbada iki tankeri ýüklemäge mümkinçilik döredi. Bu bolsa kompaniýanyň eksport mümkinçiligini ep esli artdyrdy. Kenar infrastukturasynyň desgalarynyň gurluşygynyň hatarynda – kilt armaturalary we elektropriwodlary abatlaýan sehi, buraw enjamlaryny we himiki reagentleri saklamak üçin ammarlary, ýangyn howpsuzlygyna garşy göreşmek üçin ýerasty suw ammaryny görkezmek bolar. Bir wagtyň özünde Hazar şäheriniň portynyň we “Alaja” nebit guýulýan desgasynyň kanallarynda düýbi çuňlaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.


Kompaniýanyň öňde duran maksatnamalary – gazylyp alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak, täze platformalary gurmak, kenar infrastrukturasyny kämilleşdirmek maksady bilen, maýa goýumlaryny mundan beýläk hem artdyrmak bolup durýar.