Ï Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy

view-icon 781
Ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň önümleri — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzin, dizel ýangyjy, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda taýýarlanylan göni arassalanan benzin, mazut we dizel ýangyjy Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçileriň daşary ýurt walýutasyna baglaşan geleşikleriniň esasyny düzdi. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna, azyklyk bugdaý, taýýar dokma önümleri, nah ýüplük, buýan köki ýerlenildi. Olary Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan, Ukrainadan gelen işewürler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 34 million 860 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan we Russiýadan gelen telekeçiler jemi bahasy 2 million 390 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.