Türkmenistan ýurduň ýangyç-energetika toplumyny giňişleýin ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen energetika syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem üstaşyr geçýän döwletleriň we sarp ediji ýurtlaryň hem ykdysadyýeti üçin uly ähmiýeti bolan esasy taslamalaryň biri hem Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan döwletara gaz geçirijisi bolmalydyr.
Owganystanyň we Päkistanyň üstünden geçip, Hindistan bilen araçäkdäki Fazilka ilatly ýerine ýetirilmeli gaz geçirijiniň uzynlygy 1814 kilometr bolup, onuň taslama kuwwatlylygy ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermegi göz öňünde tutýar.
Bu uly möçberli taslamanyň amala aşyrylyşy barada “Türkmengaz” Döwlet konserniniň “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň direktorlar geňeşindäki wekili Muhammetmyrat AMANOW şeýle gürrüň berýär:
-Günorta Aziýa ýurtlarynyň tebigy gaza ýokary islegi nazara alnyp gurulýan TOPH taslamasynyň ykdysady taýdan ýerliklidigini taslama gatnaşyjy ýurtlaryň hünärmenleriniň we halkara garaşsyz synçylaryň maglumatlary-da tassyklaýar, olar Türkmenistanyň bu ugurdan uzak möhlete gaz ibermäge ukyplydygyny kepillendirýänligine şaýatlyk edýär. Gürrüň ýaňy özleşdirilýän ägirt uly “Galkynyş” gaz ýatagy barada barýar, ol birnäçe tapgyrda özleşdiriler. TOPH döwletara gaz geçirijisine esasan gaz ýatagynyň üçünji tapgyry özleşdirilenden soň iberiler, ol ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermäge niýetlenendir. “Galkynyş-3” we TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşmaga abraýly daşary ýurt kompaniýalary we maliýe edaralary çagyryldy, biz hyzmatdaşlygymyzyň özara peýdaly we netijeli boljagyna ynam bildirýäris.
Gaz ýatagyny özleşdirmäge we TOPH-yň türkmen bölegine jogapkär “Türkmengaz” Döwlet konserni taslamany dolandyryş hyzmatlaryny ýerine ýetirijini kesgitlemäge bäsleşik yglan etdi, ol Yslam ösüş bankynyň gatnaşmagynda amala aşyrylar. Munuň özi onuň üçünji nobatdakysyna—kuwwatlylygy ýylda 16,5 milliard kub metr bolan iri gaz arassalaýjy kärhanalaryň ikisiniň, gaz ýatagynyň senagat we durmuş infrastrukturasynyň gurluşygyna çykdajylary optimallaşdyrmaga tejribeli konsalting kompaniýalary çekmek üçin edilýär.
Şol bir wagtyň özünde geljekki potrayçylar-Ýaponiýanyň, Türkiýäniň, Günorta Koreýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň kompaniýalary bilen tehniki we tekeçilik teklipleriň berlen tabşyryklara gabat gelşini ara alyp maslahatlaşýarlar, materiallaryň hili, bahasy we beýleki meseleleri kesgitleýärler. Taslamany aňryçäk amatly şertlerde maliýeleşdirmegiň şertleriniň esasy ugurlary şu ýurtlaryň maliýe-karz beriş agentlikleri bilen bilelikde çözülýär.
“Türkmengaz” Döwlet konserni TOPH-yň türkmen böleginiň iş buýurjysydyr, onuň hünärmenleri turba geçirijisiniň gurluşygy, maliýeleşdirilişi, dolandyrylyşy we ulanylyşy boýunça işleri utgaşdyrarlar. Aziýanyň ösüş banky bilen maýa goýum taslamasyna gol çekilmegi TOPH taslamasynda möhüm eýýam boldy, ol 2013-nji ýyldan bäri taslamaçy kompanyýany döretmekden, konsorsiumyň ýolbaşçysyny saýlamakdan tä paýdarlar ylalaşygyny işläp taýýarlamaga we maýa goýum ylalaşygyna gol çekmäge çenli işleriň ählisine işeňňir gatnaşdy, ylalaşygyň çäklerinde TOPH-yň paýdarlary gaz ýatagyny özleşdirmegiň indiki tapgyryna ABŞ-nyň 200 million dollaryny goýmaga ylalaşdylar.
Strategik taýdan uly ähmiýetli gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy ýerli ÝET-nyň güýji bilen alnyp barylýar. Türkmenistanyň toplumynyň maddy-tehniki ýagdaýy we işgärleriniň hünär ussatlygy, türkmen gaz geçirijilerini gurujylarynyň halkara derejesinde iri taslamalary durmuşa geçirmäge ukyby öňden bellidir. Olar Malaý-Bagtyýarlyk, Türkmenistan-Hytaý, Döwletabat-Sarags-Hangeran gaz geçirijileriniň, uzynlygy 800 kilometrden gowrak Gündogar-Günbatar sebit gaz geçirijisiniň gurluşygynda uly tejribe topladylar. Toplanylan tejribe “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konsernleriniň hünärmenleriniň gaz geçirijiniň 214 kilometr bölegini gurmak boýunça esasy işleri, ony abadanlaşdyrmak we zerur infrastrukturany döretmek boýunça işleri öz möhletinde tamamlajakdyklarynyň ygtybarly kepili bolar.
Ägirt uly “Galkynyş” gaz ýatagyndan başlap, tä Owganystan bilen serhede çenli geljekki magistral gaz geçirijiniň ugrunda “Türkmengaz” DK-nyň gaz ýataklaryny özleşdirmek we gaz geçirijilerini gurmak Direksiýanyň tabşyrygy boýunça konserniň inženerçilik gulluklary oňaýly ugry saýlamaga mümkinçilik berýän inženerçilik-barlag işleriniň toplumyny geçirdiler. Potratçy gurluşyk edaralary geljekki gaz geçirijiniň liniýa böleginiň ilkinji kilometleriniň gurluşygyny alyp barýarlar. Şol bir wagtyň özünde kompressor beketleriniň, infrastruktura binalarynyň we gaz geçirijisiniň taslamasynyň we gurluşygynyň tehniki tabşyryklary taýýarlanyldy. Taslamany dolandyrmaga halkara maliýe edaralaryny we kompaniýalaryny çekmek üçin bäsleşik resminamalary taýýarlanylýar.
Şu işler bilen ugurdaş taslamanyň maddy-tehniki üpjünçiligi boýunça işler hem amala aşyrylýar. Yslam ösüş bankynyň dolandyryjylar Geňeşi bilen bilelikde geçirilen işden soň gaz geçirijiniň türkmen böleginiň çykdajylarynyň öwezini dolmagy maliýeleşdirmek baradaky karary tassyklanyldy.
Owganystanyň we Päkistanyň üstünden geçjek gaz geçirijisiniň iş tabşyryjysy konsorsiumyň lideri TAPI Pipeline Company Limiteddir. 2015-nji ýylyň dekabrynda paýdarlar ylalaşygyna, 2016-njy ýylyň aprelinde magistral gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça maýa goýum ylalaşygyna gol çekilenden soň Türkmenistanda taslamany durmuşa geçirmek işleri başlandy. Häzirki wagtda TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň taslama edarasyny döretmek we kemala getirmek boýunça işler alnyp barylýar. Kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamak, işgärleri saýlamak, hyzmatlary ýerine ýetirmäge we enjamlarydyr materiallary satyn almaga şertnamalary baglaşmaga taýýarlyk işleri amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ol resminamalar edara içinde ylalaşylýar.
Şol bir wagtyň özünde taslamany dolandyrmaga hyzmatlar etmek, hukuk we maliýe maslahatlaryny bermek boýunça bäsleşik resminamalaryny taýýarlamak we düzmek işleri alnyp barylýar. Biz taslama gatnaşyjylar, täze maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara kompaniýalary we maliýe edaralary bieln yzygiderli gepleşikler geçirýäris. Gaz geçirijiniň gurluşygy boýunça işleriň işjeňleşmegi bilen edaramyza ägirt uly taslamanyň gurluşygyna we maliýeleşdirilmegine gatnaşmaga teklip bilen ýüz tutmalar köpelýär.
Türkmenistanyň ýakyn onýyllyklara niýetlenen ýangyç maksatnamasynda uglewodorod çig malynyň ägit uly gorlarynyň toplumlaýyn özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa strategik çig mal serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmak boýunça uzak möhletli halkara taslamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.