Ï Ýoluň ak bolsun, «ak kerwen»!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýoluň ak bolsun, «ak kerwen»!

view-icon 1202
27-nji awgustda Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi — pagta ýygymy başlandy. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 26-njy awgustda geçirilen mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymy möwsüminiň başlanýan senesini belledi. Ine, bu gün bolsa döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary pagta ýygymyna girişdiler. 7-nji sentýabrda ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň — Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary-da pagta ýygymyna başlarlar.

Pagta ýygymy möwsümini “ak kerwen” bilen açmak türkmen pagtaçylarynyň öňden gelýän däbidir. Häzir daýhanlaryň baş wezipesi ýetişdirilen bereketli pagta hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almakdan hem-de Watan harmanyna tabşyrmakdan ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň oba hojalygynyň wajyp ekini bolan gowaçany ösdürip ýetişdirmegiň öňden gelýän baý tejribesi bar. “Ak altyny” öndürmek we gaýtadan işlemek milli oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu toplumda pagtaçylyk pudagyny tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga, öňdebaryjy ylmy işläp düzmeleri we innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga, oba hojalyk önümlerini öndürmegi ykdysady taýdan höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan hem-de oba hojalyk pudagyny, şol sanda pagtaçylygy hil taýdan täze sepgitlere çykarmagy ugur edinýän giň gerimli özgertmeler öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan, ýurdumyzyň her bir welaýatynyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanan usullaryny peýdalanmak, oba hojalyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen düýpli işler geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, ylmy seçgiçilik, gowaçanyň täze etraplaşdyrylan, çalt ýetişýändigi, hasyllylygy we süýüminiň ýokary hili bilen tapawutlanýan sortlaryny döretmek babatda işler giň gerime eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň oňyn özgertmeler maksatnamasy netijesinde, soňky döwürde bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Geçen ýyl türkmen pagtaçylary Watan harmanyna çig malyň 1 million 100 müň tonnadan gowragyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler.


Türkmenistanyň eksport sanawynyň saldamly esasyny düzýän pagta sazlaşykly ösýän milli dokma senagatynyň kärhanalary üçin çig mal bolup durýar. Bu kärhanalar ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň bazarlarynda uly islege eýe bolan, halkara ölçeglerine laýyk gelýän önümleri çykarýar. Pagtaçylyk pudagynyň kuwwatyny doly peýdalanmak, “ak altyn” hasylynyň möçberini has-da artdyrmak babatda ýokary hilli tohum taýýarlamak möhümdir. Şu maksat bilen pagtany gaýtadan işleýän düzüm yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhanalary guruldy.

Döwletimiz tarapyndan pagtaçylygyň tehniki üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga köp möçberde serişdeler goýberilýär. Şonuň netijesinde häzir belli daşary ýurt önüm öndürijilerinden satyn alynýan ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlar, traktorlar we beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalar, enjamlar tehniki parkyň esasyny düzýär. Şunda tehniki taýdan hyzmat etmek, agrotehniki kadalara laýyklykda tohum, mineral dökün, suw bilen üpjün etmek we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri kärendeçilere hem-de daýhan birleşiklerine ýeňillikli şertlerde berilýär.

Obada döwrebap ykdysady gatnaşyklary ornaşdyrmak, pagtaçylar bilen özara hasaplaşyklaryň usulyny kämilleşdirmek maksady bilen netijeli çäreler görülýär. Türkmenistanda orta we inçe süýümli pagtanyň hem-de gowaçanyň ýokary hilli sortlarynyň tohumynyň satyn alyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Pagtaçylara çig mala döwlet buýurmasyndan daşary öndürilen pagtany senagat taýdan gaýtadan işlemekden alnan süýümi, übtügi, ulýugy ýerlemek, şol sanda daşary ýurtlara satmak üçin mümkinçilik döredildi. Bu bolsa daýhanlaryň zähmet öndürijiligini, pagtanyň has bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmäge bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga itergi berýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» kesgitlenen, oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty hem bu babatda uly ähmiýete eýedir.

Şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň pagta önümleriniň VI halkara sergi-ýarmarkasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen esaslandyrylan bu forumyň esasy maksady pudagyň eksport kuwwaty, ykdysadyýetimiziň möhüm böleginde ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan, pagta süýümini gaýtadan işlemek, enjamlary öndürmek babatda ýöriteleşdirilen, dünýäniň iri kompaniýalary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan we giňeltmekden ybaratdyr.

Şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminiň barşynda Türkmenistanda “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonna, Lebap welaýatynda 300 müň tonna, Mary welaýatynda 313 müň tonna pagta taýýarlamak meýilleşdirilýär. Gowaça üçin bölünip berlen ýerleriň umumy meýdany 545 müň gektara barabardyr. Geçen ýaz paslynda pagtanyň orta we inçe süýümli “149F”, “133”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”, “Ýolöten-39”, “Ýolöten-14” hem-de beýleki sortlary ekildi.

Möwsümde pagta ýygyjy kombaýnlaryň 425-si, awtoulag tehnikalarynyň 3035 birligi, traktorlaryň 2356-sy we pagtany daşamak üçin niýetlenen traktor tirkegleriniň 3597-si işlediler. Ýerlerde pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki hyzmat ýola goýuldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem-de ýygymçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredildi. Pagtany kombaýn bilen ýygmak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürýän zerur bolan defoliant satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, bu işde diňe ýöriteleşdirilen traktorlar däl-de, eýsem, raýat awiasiýasynyň ýörite uçarlary hem ulanylar.

Pagtanyň täze hasylyny kabul etmek üçin harmanhanalaryň 156-sy we pagta arassalaýjy zawodlaryň 39-sy taýýar edildi. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri pagtanyň hiline berk gözegçiligi ýola goýar.

Öňdebaryjy pagtaçy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, daýhanlaryň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň 2016-njy ýylyň pagta ýygymy möwsüminde zähmete höweslerini artdyrmak üçin Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Demokratik partiýasynyň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralary, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, “Galkynyş”, “Nesil” we “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalary däbe öwrülen bäsleşigi geçirýärler.

Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň harmanhanalaryna hem-de pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti “ak altynly”, Döwlet baýdaklary, halylar we şygarlar bilen bezelen awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular pagta ýygymynyň başlanmagyna ak pata berdiler. Olar Beýik Biribardan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini, tutuş türkmen halkynyň abadançylygyny dileg etdiler. Däp bolşy ýaly, “ak kerwenleriň” başyny üstüne pagtaly çuwallar ýüklenen düýeler çekdi. Olaryň ýany bilen türkmen halkynyň gowaçany ösdürip ýetişdirmegiň köpasyrlyk taryhynyň janly şaýady bolan ahalteke bedewlerine atlanan ýigitler ýörediler.

Pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralara welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Oba we suw hojalyk ministrliginiň edara-kärhanalarynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de pudak ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, agronomlar, tejribeli kombaýnçylar, sürüjiler we kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar.

Şol dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagatynyň önümleriniň sergisi guraldy. Welaýatlaryň artistleri, aýdymçylary we sazandalary, tans hem-de döredijilik toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler, sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Önümçiligiň öňdebaryjylaryna, pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdiren ussat kärendeçi pagtaçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.