Ï Awgust aýynyň ahyrynda maldarçylyk hojalyklary gyşa taýýarlyk görüp başlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awgust aýynyň ahyrynda maldarçylyk hojalyklary gyşa taýýarlyk görüp başlaýarlar

view-icon 758
Şu günler ot-iým taýýarlamak işleri we tohumçylyk çärelerine taýýarlyk görmek aýgytly döwre gadam basdy. Biziň ýurdumyzda gowy suwlandyrylan meýdanlarda ot-iýmlik ekinlerini ýylda iki sapar ekýärler we olar ýetişişine görä ýygýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda bu ekinlere, ilkinji nobatda gara mallary iýmitlendirmek üçin, döwlet maldarçylyk hojalyklaryna birnäçe ýyl mundan ozal suwarymly ýerler bölünip berildi.


Taýýarlyk döwri bütin tomsuň dowamynda dowam edýär. Ot-iýimlik ekinlerini ekmegiň we ýygnamagyň möhletleri bugdaýdan ýa-da irki gök ekinlerden boşan meýdanlar bilen şertlendirilendir. Olary aralyk ekini hökmünde ekýärler. Bu bolsa gowaçanyň we bugdaýyň ekin dolanşygyny alyp barmaga özüniň oňyn täsirini ýetirýär, topragyň ýagdaýy gowulanýar, howa şertleri bolsa ýylda iki hasyl almaga mümkinçilik berýär. Eýýäm iri baldakly otlar, ýazda ekilen ýorunja ýygnaldy, gara mallary ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen döwlet we hususy hojalyklarda saman we mekgejöwen taýýarlandy. Dowarlar we düýeler üçin tebigy otlar ýerlerde taýýarlanylýar we gerek ýerine daşalyp goýulýar. Olary taýýarlamak aýazly günler düşýänçä dowam eder.

Bir wagtyň özünde ownuk mallar üçin gyşa taýýarlyk görmek işlerine başlandy. Awgust aýyndan başlap, agyllary, goýun ýataklaryny abatlamak işlerine başlandy, mallary suwa ýakylýan ýerler arassalanylýar, ätiýaçlyk konsentrirlenen iýimler taýýarlanýar, mallardan owlak-guzy almak möwsümini geçirmek, mallary gyşlatmak , şeýle hem çopanlaryň işleri we dynç almaklary üçin gerek bolan zatlar bilen üpjün edilýär.


Oktýabr aýynda bir ýarym aýlap dowam etjek tohumçylyk zootehniki, şeýle hem mallary gije bakmak we olary güýçli iýmitlendirmek çäreleri başlanar. Maldarlar we çopanlar güýzki tohumçylyk möwsümine aýratyn üns berýärler. Häzirki wagtda olar önüm beriji we ene mallary saýlamak işlerini alyp barýarlar, şeýle hem seçgi we dürli görnüşli tohum goýunlary döretmeklige, weterinar hyzmatlaryna we mallary öňde duran gyşlatmak möwsümine bagyşlanan maslahatlara gatnaşýarlar.

Gyş paslynyň öňüsyrasynda maldarlara maslahat beriş kömeklerini bermek – Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň ugurdaş hünärmenleriniň, şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň maldarçylyk we weterinariýa institutynyň işgärleriniň işleriniň bir bölegi bolup durýar. Olar ýerlerde tohumçylyga baha bermek, gara we ownuk mallaryň möwsümleýin sanjymlaryna gözegçilik etmek, seçgi işleriniň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, maldarçylyk hojalyklarynyň ählisinde diýen ýaly bolýarlar.