Onuň düzüm bölümleri – milletiň baştutanynyň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we önümleri daşary ýurtlara ibermek babatda önüm öndürijileriň we oba hojalyk ylmynyň öňünde goýan häzirki zaman reallaryny duýýan we iri göwrümli meseleleri netijeli çözýän bütewi ulgamdyr. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň düzüminiň her biri öz ugry boýunça agromelioratiw çäreleri ýokary geçirmäge ýardam berýär. Oba hojalyk edarasynyň işleri esasy iki sany müdirlik boýunça alnyp barylýar. Olaryň biri – tohumçylyk, gök ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan önümçilikdir, beýlekisi – OST üçin hünärmenleri taýýarlamak ugrunda ylym we bilim edaralarynyň işleriniň strategiýasyny kesgitleýär.
Ministrligiň ýanyndaky oba hojalyk ylmy- barlag instituty gowaçanyň, däne we bakja ekinleriniň seçgiçilik we tohumçylyk işlerini kämilleşdirmek ulgamynda tejribeli hünärmenleri özünde birleşdirýär. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň agrar özgertmeleri we dünýä tejribesini öwrenmek Müdirliginiň ylym we bilim bölüminde aýdyşlary ýaly, YBI gözlegleri esasy üç ugur – seçgiçilik işi, tohumçylyk we dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasyny kämilleşdirmek, şol sanda agromeliorasiýada innowasion tehnologiýalary synag etmek, boýunça işleri alyp barýar. Institut täze ugry – geçirilýän çäreleriň netijelerine baha bermek, täze tehnologiýalary, bilelikdäki taslamalary ornaşdyrmak, şeýle hem ylmy işgärleri taýýarlamak ugry özleşdirýär.
OST ulgamynyň ähli ugurlarynyň dolandyryjylary we oba hojalyk işgärleri oba hojalyk ýokary okuw mekdepleriniň – Daşoguzda ýerleşýän Oba hojalyk institutynyň we Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanyndaky dört sany hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanylýar. Bu okuw mekdepleri onlarça ugur boýunça orta hünärli hünärmenleri taýýarlaýarlar.
Ministrligiň ylym we bilim boýunça hünärmenleri pudagyň üstünlikli ösmeginiň düýbüni tutmak bilen, oba senagaty üçin hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp taýýarlaýarlar, usuly teklipnamalary işläp taýýarlamaga gatnaşýarlar, şeýle hem oba we suw hojalyk ulgamynda hem milli, hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmaklarynda bellenen taslamalaryň amala aşyrylmagynda olaryň netijeliligine we ekologiki taýdan howpsuzlygyna baha berýärler.
Ministrligiň ýanynda welaýat ylmy-gözleg merkezleri işleýär. Olarda seçgiçilik we tohumçylyk işleri, şol sanda oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak boýunça hem, geçirilýär. Olar ýokary hasylly oba hojalyk ekinlerini , şol sanda gowaçany we bugdaýy hem, ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan ýurduň ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalyklarynyň 37-si bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarlar. Golaý geljekde bu merkezler ýurduň oba hojalyk önüm öndürijilerini üpjün etmek üçin gök-bakja ekinleriniň ýokary hilli tohumlaryny öndürmek boýunça işleri ýaýbaňlandyrarlar. Şeýle işler, ýurtda oba hojalygyny milli kanunçylyga laýyklykda GMO – tehnologiýalary ulanmazdan alnyp barylýandygyny bellemek gerek.