Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary şu ýylyň pagta ýygym möwsümine guramaçylykly ýagdaýda girişdiler. Olar möwsümiň ilkinji gününden başlap, 140 müň gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilen bereketli pagta hasylyny soňky übtügine çenli ýygnap almak üçin ähli çäreler görýärler. Demirgazyk welaýatyň pagtaçylary ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşy almagy göz öňünde tutýarlar.
Pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginde maslahat geçirilip, oňa welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, obasenagat toplumynyň welaýat düzümleriniň hem-de Agrar partiýanyň welaýat komitetiniň hünärmenleri, Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyna garşy howpsuzlyk gullugynyň işgärleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary we talyplary, daýhan birleşikleriniň başlyklary, arçynlar, ýaşuly nesliň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.
Soňra maslahata gatnaşyjylar “ak altynyň” bereketli hasyly ösdürilip ýetişdirilen meýdana geldiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen satyn alnan täze, hatara düzülen tehnikalaryň golaýyndaky pagta meýdanynda il sylagly ýaşulular “Bissimilla” diýen sözler bilen pagta ýygymyny üstünlikli geçirmegi arzuw etdiler.
Pagta hasylyny ýygnamagyň başlanmagy mynasybetli dabaralar halkymyzyň gadymy däp-dessurlarynyň berjaý edilmegi bilen geçirildi.
Bu ýere ýygnanan ýaşuly nesliň wekilleri ak öýleriň öňünde ýaýbaňlandyrylan ajaýyp ekspozisiýalary synladylar. Olarda el işleri, dokma we zergärçilik sungatynyň önümleri we beýlekiler görkezildi.
Welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guralan aýdym-sazly çykyşlar geçirildi. “Ak altynly” meýdanlarda zähmet çekýänlere gadymy tagamnamalar boýunça taýýarlanan milli tagamlar hödür edildi.
Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyna garşy howpsuzlyk gullugynyň işgärleri bu ýere ýygnananlar bilen mowzuklaýyn gürrüňleri geçirdiler.
Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen Köneürgenç etrabynda açylan, saýlama tohumyň 15 müň tonna golaýyny çykarmak bilen, kuwwaty ýylda tohumlyk pagtanyň 40 müň tonnasyna deň bolan pagta arassalaýjy kärhanada dabara gatnaşyjylar üsti “ak altynly” ilkinji kerweni uly joşgun bilen garşyladylar.
Welaýatda belli aýdymçylaryň aýdymlary ýaňlandy, halk döredijilik toparlary, tans toparlary çykyş etdiler. Welaýat sport komiteti tarapyndan dürli ýaryşlar guraldy.