Ï Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy

view-icon 859
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Şweýsariýa, Türkiýe, Azerbaýjan, Ukraina ýaly ýurtlardan gelen işewürler daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 729 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Slowakiýadan gelen işewürler jemi bahasy 4 million 41 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler jemi 315 müň manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.