Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Panamadan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuumgazoýly we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt pulundan boýalan tüýjümek önümler, nah ýüplük, pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Daniýa, Türkiýe, Owganystan, Belarus, Moldowa. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 26 million 685 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Pakistandan gelen telekeçiler jemi bahasy 2 million 984 müň manatlyk nah ýüplügi, ýüpek çigmalyny satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi 4 million 602 müň manatlyk polipropileni (TNGIZT) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.