Ählihalk baýramçylygynyň — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň we Magdanly şäheriniň, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň pagtaçylary ýurdumyzda ilkinjiler bolup, pagta taýýarlamak barada şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada habar berdiler.
Ekerançylarymyzyň bu zähmet üstünlikleri oba hojalygyny ösdürmäge, obalary abadanlaşdyrmaga aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalaryna daýhanlarymyzyň mynasyp jogap berýändikleriniň aýdyň mysalydyr.
Öz zähmet üstünliklerini Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýuna bagyşlan Gökdepe etrabynyň zähmetkeşleri Watanymyzyň pagta harmanyna 8 müň 772 tonna pagta tabşyrdylar. Magdanly şäheriniň daýhanlaryndan ýurdumyzyň gündogar sebitiniň pagta kabul ediş bölümlerine ýokary hilli pagtanyň 2 müň tonnadan gowragy gowuşdy. Farap etrabynda 19 müň 515 tonna pagta taýýarlanyldy. Öz borçnamalaryndan artyk bir ýarym müň tonna golaý pagta ýygnan Türkmengala etrabynyň pagtaçylary bolsa 32 müň 636 tonna «ak altyny» Watan harmanyna goşdular.
Şu ýylky pagta ýygymy döwri Türkmenistanyň pagtaçylary üçin hakyky zähmet synagyna öwrüldi. Şol synaga üstünlik bilen amal etmek bolsa gönüden-göni işleri ýokary derejede guramak üçin görülýän çärelere baglydyr. Hut şuňa görä-de, häzir her bir daýhan birleşiginiň gowaça meýdanlarynda pagta ýygymynyň gidişi barada dessin maglumatlar kabul edilýän, onuň barşyna gözegçilik edýän welaýat, etrap edaralarynda işler gaýnap joşýar.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz 7-nji oktýabrda geçiren maslahatynda welaýat häkimlerine ýüzlenip, pagta ýygymyny amatly agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň zerurdygyny aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramyna zähmet üstünlikleriniň iň gowy sowgat boljakdygyny nygtap, oba hojalyk toplumynyň ähli düzümleriniň işini utgaşykly guramak üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Mahlasy, pagta ýygymy möwsümine dahylly mülkdarlar, mehanizatorlar, pagta kabul ediş bölümleriniň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň barlaghanasynyň işgärleri, sürüjiler, hünärmenler Watanymyzda “ak altyna” deňelýän, ýetişdirilen bol gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnamak bilen öňde duran zähmet synagyna üstünlikli hötde gelmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.