Ï Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi tamamlandy

view-icon 1044
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergisi öz işini tamamlady. Giň möçberli sergi bölümlerinde ýurdumyzyň ykdysady ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam urýandygy has aýdyňlygy bilen äşgär edildi. Ol şanly senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm waka öwrüldi.

Döwrebap derejede bezeg serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan 70-den gowrak bölümde Türkmenistanyň ähli ugurlarda häzirki döwürde gazanan üstünlikleri, ýurdumyzyň köpugurly durmuş-ykdysady kuwwatlyklary, pudaklaryň täzeçil ösüşi, halkymyzyň ruhy-medeni durmuşynyň baý many-mazmuny görkezildi.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrýan we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuş ulgamyna gönükdirilen maksatnamalaryň we iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegini şertlendirýän ykdysadyýetiň döwlet ulgamyna degişli düzüm bölümleri — ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika we maşyn gurluşygy, gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty, ulag we aragatnaşyk, obasenagat toplumy, azyk senagaty we söwda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk edaralary sergide öz gazananlaryny görkezdiler.



Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak meseleleriniň çözgüdinde türkmen telekeçileri möhüm orun eýeleýärler. Häzirki döwürde olar döwletiň dürli ulgamlarynda jogapkärli hyzmatdaş hasaplanylýar. Hususyýetçiler özlerine ynanylan giň möçberli gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek, häzirki zaman tehnologiýalarynyň we öňdebaryjy tejribeleriň esasynda ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýärler. Gurluşyk materiallary, mebelleri, dokma, durmuş himiýasy ýaly ulgamlaryň önümleri, azyk harytlarynyň köp görnüşleri, gülleriň we bag nahallarynyň görnüşleri, aýratyn-da, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, halk senetkärçiliginiň önümleri has-da özüneçekiji boldy. Bu ýerde 30-dan gowrak hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümleri görkezildi.

Köpasyrlyk milli däplere, taryhy-medeni gymmatlyklara, pederlerimiziň asylly ýörelgelerine aýawly çemeleşmek, olary artdyrmak we saklamak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda has-da ähmiýetli bolup durýar.

Ahalteke bedewleri bölümi sergi meýdançasynda möhüm bölümleriň birine öwrüldi. Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler halkymyzyň buýsanjy we şöhraty, ýurdumyzyň milli hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň özboluşly nyşanlary bolup durýar. Yklymlaýyn ýaryşlaryň geljek ýylda ak mermerli Aşgabatda geçiriljekdigini bellemeli. Bu ýerde görkezilýän ajaýyp poligrafiýa neşirleri, şol sanda ýokary derejeli bezegleri bolan milli Liderimiziň kitaplary, gollanmalary, dürli görnüşli sport gurallary, dokma we sowgatlyk önümler, Olimpiýa şäherjiginiň we sport desgalarynyň taslamalary ýurdumyzda ägirt uly halkara foruma taýýarlyk boýunça alnyp barylýan uly işler barada gürrüň berýär.



Şunuň bilen baglylykda, sergi diňe bir ykdysady ösüşleri, bazarda uly islegden peýdalanýan ýurdumyzda öndürilýän önümçiligiň ösüşini, halkymyzyň beýik medeniýetini we baý taryhyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň sport ýurdy hökmündäki ägirt uly kuwwatlyklaryny beýan edýär.

Ýylyň esasy sergisiniň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlary we sertifikatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklaryny Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine sazlaşykly we durnukly ösdürmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.