Ï Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy

view-icon 836
Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş we uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna dürli görnüşli tüýjümek önümler we tüýjümek matalar, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Olary Russiýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Belizden, Belarusdan, Ukrainadan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 32 million 137 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 103 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 917 müň manatdan gowrak bolan awtoulagy we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.