Ï Türkmenabadyň “Gallaönümleri” kärhanasynyň işgärleri eksport onümlerini ibermek boýunça ýyllyk borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenabadyň “Gallaönümleri” kärhanasynyň işgärleri eksport onümlerini ibermek boýunça ýyllyk borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

view-icon 1029
Owganystanyň hususy kärhanasynyň buýurmasy boýunça goňşy ýurda umumylykda unuň birinji görnüşiniň 2040 tonnasy iki tapgyrda iberildi

Bu häzirki zaman dänäni gaýtadan işleýän toplum 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga berildi. Taslama laýyklykda, däne üweýji önümçilik öňdebaryjy tehnologiýany we iň täze enjamlary, esasan hem şweýsariýanyň meşhur “Býuller” firmasynyň, ulanmak bilen, ýylda ýokary hilli önümiň 80 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Elewatordan degirmene gelýän dänäniň hili, şeýle hem bu ýerde öndürilýän unuň hilini merkezi barlaghananyň işgärleri yzygiderli barlaýarlar. Dänäniň çyglylygyny, küllüliligini, hapalygyny we esasan hem – kleýkowinligini kesgitlemek üçin häzirki zaman abzallar olaryň ygtyýaryndadyr.

“Lebapgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň düzümine girýän bu kärhanada iki ýüz töweregi adam işleýär.