Türkmenbaşyda gurulýan Halkara söwda porty ýurduň geosyýasy ähmiýetini ýokarlandyrmak jähtden we innowasion ulag strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly möçberli taslamalaryň biridir. Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi daşary ýurtlaryň esasy söwda kompaniýalarynyň kärendesine alýan iň döwrebap gämilerine we köp tonna ýük gämilerine porta gelmäge mümkinçilik berer. Şu maksat bilen degişli infrastruktura döredilýär we serhet, gümrük, migrasiýa we beýleki gulluklaryň binalary gurulýar.
Gurluşygy alnyp barylýan port deňizýaka şäheriň kenar ýakasynda143 gektara golaý meýdany tutýar. Halkara söwda portunyň taslamasynda gämi, ýolagçy we konteýner terminallarynyň gurluşygy göz öňünde tutulan. Toplumyň düzüminde umumy ýük ýükleýiş terminaly, ürgün ýükler terminaly, şeýle hem gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş kärhanalary bolar.
Duralganyň umumy uzynlygy 3 müň 800 metrdir. Gidrotehniki binalardan başga-da, estakadaly ýolaýrytly garaýollary we demitýoly göz öňünde tutýan ulag üpjünçilikli kenar infrastrukturasynyň ençeme desgalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Halkara söwda portunyň taslama kuwwatlygy ýylda 15 million ýüke niýetlenendir, bu bolsa ony Ýewroaziýa sebitinde iň iri inženerçilik-ulag, üstaşyr geçiriji-logistik çatryklarynyň hataryna goşýar. Gurluşygy Türkiýäniň „Gap Inşaat“ gurluşyk kompaniýasy alyp barýar, ol boýun alan borçnamalaryna jogapkärçilikli çemeleşýär.
Gämileriň durmagy üçin niýetlenen kenaryň suwasty we suwüsti bölegi polat we demir-beton gurnamalary bilen berkidilýär. Sütünleri, platforma we beýleki düýpli desgalar iý täze tehnologiýalar boýunça sementlenilýär. Gurluşyk işlerinde ýörüte tehnikalaryň 530-sy işledilip, işçileriň 4000-e golaýy işleýär, olaryň aglaba bölegi ýerli adamlardyr.