Ï Başarnykly abatlaýyş işleri ýola goýlanda nebit we gaz çykaryjy skwažinalaryň önüm berijiligi ýokarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Başarnykly abatlaýyş işleri ýola goýlanda nebit we gaz çykaryjy skwažinalaryň önüm berijiligi ýokarlanýar

view-icon 949
Ýerasty peýdaly magdanlary gazyp almak yzygiderli üznüksiz iş bolup,ol inženerçilik- tehniki önümçilikk infrastrukturalary, ol şol sanda nebit we gaz çykaryş hem-de abatlaýyş işlerini-de öz içine alýar.“Türknebit“ DK-niň skwažinalary abatlaýyş trestiniň bölümleriniň işgärleri ýurduň günbatar sebitiniň nebitli ýatakalrynda we gaz känlerinde zähmet çekýärler. Olar ýylyň başyndan bäri skwažinalaryň 287-sinde ýerasty abatlaýyş işlerini geçirdiler, netijede ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna goşmaça ýüzlerçe müň tonna „gara altyn“ we ýüzlerçe million kubmetr „mawy ýangyç“ ugradyldy.

Şunda ýurdumyzda iň köne ýataklaryň biri bolan „Barsagelmeziň“ işgärleriniň hyzmaty ulydyr, bu ýerde gündelik berýän ýangyjy azalan ýa-da dürli sebäplere görä işlemän duran skwažinalarda meýilnamalaýy abatlaýyş işleri ýerin eýtirilýär. Abatlaýyş işlerine başlamazdan ozal bu ýerde degişli geofiziki barlaglar geçirilip, skwažinalaryň nämä mätäçligi anyk kesgitlenilýär we olary bejermegiň usullary, geljekki işleriň görnüşi bellenilýär. Köplenç skwažinalaryň ýagdaýyna, şeýle hem her dürli daşky sebäplere—tehnologik, geologik, geofiziki sebäplere görä olarda edilmeli ýerasty ýa-da düýpli abatlaýyş işleriniň haýsysynyň gerekligi kesgitlenilýär.

Az önüm berýän skwažinalary abatlamakda ýörüte maýyşgak turbalar ulanylýar. Sorujy-basyşly turbalardan tapawutlylykda çylşyrymly geologiýa-geofiziki şertlerde skwažinalarda ýerasty abatlaýyş işlerini geçirmek üçin zerur artykmaçlyklar bar. Şu ýyl şeýle usulda skwažinalaryň 580-si abatlanyldy.

„Goturdepe“ günbatar sebitiň iri gaz-nebit ýataklarynyň biridir. Skwažinalaryň ýüzlerçesinden “gara altyn“ alynýar. Olaryň aglabasy ençeme ýylyň dowamynda bireýýäm özüni ödedi. Ýöne skwažinalaryň önüm berijiliginiň peselmegine sebäp bolýan atmosfera basyşy peseldigi ýangyç çykaryjylara „Goturdepe“ gaz-basyşly bekediň işgärleri kömege gelýärler. Ol 2007-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebit-gazly sebite ilkinji iş sapary mahaly dabaraly ýagdaýda işe girizilipdi, ol ýurduň ýangyç-energetika toplumyny we tutuşlygyna milli ykdysadyýeti ösdürmekde aýgytly ädim boldy we oňa uly itergi berdi.

Dünýä belli kompaniýalaryň iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen „Goturdepe“ gaz-basyşly bekediniň işe girizilmegi bilen köne känlerden ýene ýangyç alnyşy artdy. Gysylan gaz ýerasty skwažinalarda „liftiň“ wezipesini ýerine ýetirýär-de, ýokary basyş arkaly nebiti ýokary göterýär. Skwažinalaryň dört ýüze golaýynda nebit ýokary netijeli gaz-lift usuly bilen alynýar. Köne ýataklaryň dikeldilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna şonuň ýaly-da skwažinalarda ýerasty we düýpli abatlaýyş işlerini geçirýän çalt hereket edýän abatlaýyş toparlary ýardam etdiler. Hytaýda öndürilen „Xj-250” kysymly kuwwatly ýük göteriji enjamlar olaryň ygtyýaryndadyr, olar tutuş önümçilik-tehnologik işleriň durnuklylygyny üpjün edip, abatlaýjylaryň işini ýeňilleşdirýär.

Häzirki wagtda skwažinalar Goturdepäniň demirgazyk böleginde oturdylýar, bu ýerde nebitdir gazyň baý ýataklary bar diýlip çaklanylýar. Gözleg-agtaryş burawlamalary we ýeriň tektoniki gurluşynyň geofiziki barlaglary bu ýerde önümli nebit-gazly ýataklaryň bardygyny tassyklaýar.